Karlos Tewez ýarym ýyllyk aýlygyny pandemiýadan ejir çekenlere bagyş eder

Karlos Tewez ýarym ýyllyk aýlygyny pandemiýadan ejir çekenlere bagyş eder

Şunuň bilen baglylykda, ol topary bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada m.sports.ru habar berýär.
Karlos Tewez aprel aýynda eden çykyşynda, pandemiýanyň pidalaryna azyk önümlerini paýlamaga taýýardygyny aýdypdy. Şonda "Boca Juniors"-yň kapitany: "Futbolçy alty aý, hatda bir ýyl aýlyksyz ýaşap biler. Irden sagat altyda öýden çykyp, agşam sagat ýedide maşgalasyny eklemek üçin gaýdyp gelýän ýigitden tapawutlylykda, futbolçy gara günde ýaşamaýar" – diýipdi. Soňra kapitan sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýipdi: «...Biz iýmit bilen kömek etmeli. Çagalaryňa iýmäge zat barka, öýde oturan ýeriňden gürlemek aňsat. Emma kyn güne düşen adamlar bar, olar öýünden çykman bilmeýärler. Daşary çykaýsalar welin, tussag edilmekleri mümkin. Şol alada goýýar. Döwlet dogry zatlary etmäge çalyşýar. Şonuň üçin hem biz barrioda (Argentinanyň garyp etraplary) ýaşaýan adamlara has ýakyn durmalydyrys».
Tewez beren sözüni iş ýüzünde tassyklady. Hüjümçi «Boka» bilen şertnamany uzaltjakdygyny, ähli aýlygyny, şol sanda goşmaça beriljek sylag pullaryny-da haýyr-sahawata berjekdigini aýtdy. «Teklip edilen şertnamany kabul etdim, ýöne käbir düzedişler bilen. Ylalaşyk dekabr aýyna çenli hereket eder, galanynam soň görübereris. Men bulary söwda bilen meşgullanmaýan guramalara, waksina mätäç adamlara bagyş etmekçi. Işi ýa-da iýere zady ýok adamlaryň içinde-de pandemiýadan ejir çekýänler köp. Men şu alty aýyň içinde hiç hili pul almak islämok» – diýip, Tewez «La Red»-e beren interwýusynda aýtdy.
Karlos häzir ýurduň futboldan başga-da aladasynyň ýetikdigine düşünýär. «Şu ýagdaýda biz hiç zada hantama bolmaly däldiris. Ýogalýan adamlar bar. Yza gaýtmak hakda pikir etmek kyn, biz beýle egoist bolup bilmeris». Biz maşgalamyz bilen «Bokanyň» maňa hödürleýän şertnamasyny tutuşlygyna haýyr-sahawata bagyşlamagy, soň bolsa özümizi nähili duýýandygymyzy görmek kararyna geldik. Bu «Boka» üçinem, meniň üçinem gowy ýaly bolup dur, galyberse-de, biz adamlara-da ýagşylyk edýäris. Men dowam etmek isleýärin. Ýene-de Libertadores kubogynda oýnamak isleýärin" – diýip, Karlitos belleýär.
Oýunçynyň klubda bary-ýogy alty aý galmagy meýilleşdirendigine garamazdan, klub ýene alty aý uzaltmak mümkinçiligi bilen, bir ýyl şertnama isleýär. Argentinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýetirýän habarlaryna görä, «Bokanyň» häzirki wise-prezidenti Huan Roman Rikelme Tewezi bir ýyl+alty aý galmaga ynandyrdy. Häzirlikçe diňe dilden ylalaşylan hem bolsa, şertnama ýakyn günlerde gol çekiler. Argentinadaka Tewez başga topara gitmez, ýöne ol karýerasyny daşary ýurtlardaky öňki oýnan toparlarynyň birinde – «WestHam»-de ýa-da «Korintosda» tamamlamagynyň ähtimaldygyny boýun aldy.