Karlos Tewez ýarym ýyllyk aýlygyny pandemiýadan ejir çekenlere bagyş eder

  • 14.07.2020 11:45
  • 8.3k+

Şunuň bilen baglylykda, ol topary bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada m.sports.ru habar berýär.
Karlos Tewez aprel aýynda eden çykyşynda, pandemiýanyň pidalaryna azyk önümlerini paýlamaga taýýardygyny aýdypdy. Şonda "Boca Juniors"-yň kapitany: "Futbolçy alty aý, hatda bir ýyl aýlyksyz ýaşap biler. Irden sagat altyda öýden çykyp, agşam sagat ýedide maşgalasyny eklemek üçin gaýdyp gelýän ýigitden tapawutlylykda, futbolçy gara günde ýaşamaýar" – diýipdi. Soňra kapitan sözüniň üstüni ýetirip şeýle diýipdi: «...Biz iýmit bilen kömek etmeli. Çagalaryňa iýmäge zat barka, öýde oturan ýeriňden gürlemek aňsat. Emma kyn güne düşen adamlar bar, olar öýünden çykman bilmeýärler. Daşary çykaýsalar welin, tussag edilmekleri mümkin. Şol alada goýýar. Döwlet dogry zatlary etmäge çalyşýar. Şonuň üçin hem biz barrioda (Argentinanyň garyp etraplary) ýaşaýan adamlara has ýakyn durmalydyrys».
Tewez beren sözüni iş ýüzünde tassyklady. Hüjümçi «Boka» bilen şertnamany uzaltjakdygyny, ähli aýlygyny, şol sanda goşmaça beriljek sylag pullaryny-da haýyr-sahawata berjekdigini aýtdy. «Teklip edilen şertnamany kabul etdim, ýöne käbir düzedişler bilen. Ylalaşyk dekabr aýyna çenli hereket eder, galanynam soň görübereris. Men bulary söwda bilen meşgullanmaýan guramalara, waksina mätäç adamlara bagyş etmekçi. Işi ýa-da iýere zady ýok adamlaryň içinde-de pandemiýadan ejir çekýänler köp. Men şu alty aýyň içinde hiç hili pul almak islämok» – diýip, Tewez «La Red»-e beren interwýusynda aýtdy.
Karlos häzir ýurduň futboldan başga-da aladasynyň ýetikdigine düşünýär. «Şu ýagdaýda biz hiç zada hantama bolmaly däldiris. Ýogalýan adamlar bar. Yza gaýtmak hakda pikir etmek kyn, biz beýle egoist bolup bilmeris». Biz maşgalamyz bilen «Bokanyň» maňa hödürleýän şertnamasyny tutuşlygyna haýyr-sahawata bagyşlamagy, soň bolsa özümizi nähili duýýandygymyzy görmek kararyna geldik. Bu «Boka» üçinem, meniň üçinem gowy ýaly bolup dur, galyberse-de, biz adamlara-da ýagşylyk edýäris. Men dowam etmek isleýärin. Ýene-de Libertadores kubogynda oýnamak isleýärin" – diýip, Karlitos belleýär.
Oýunçynyň klubda bary-ýogy alty aý galmagy meýilleşdirendigine garamazdan, klub ýene alty aý uzaltmak mümkinçiligi bilen, bir ýyl şertnama isleýär. Argentinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýetirýän habarlaryna görä, «Bokanyň» häzirki wise-prezidenti Huan Roman Rikelme Tewezi bir ýyl+alty aý galmaga ynandyrdy. Häzirlikçe diňe dilden ylalaşylan hem bolsa, şertnama ýakyn günlerde gol çekiler. Argentinadaka Tewez başga topara gitmez, ýöne ol karýerasyny daşary ýurtlardaky öňki oýnan toparlarynyň birinde – «WestHam»-de ýa-da «Korintosda» tamamlamagynyň ähtimaldygyny boýun aldy.

şu gün 00:19
575

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...

düýn 16:20
1.5k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

düýn 15:41
2.5k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

düýn 13:10
4.3k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...