В ближайшее десятилетие появится новый коронавирус, предупреждают учёные

  • 08.07.2020 15:20
  • 20k+

Singapuryň Milli uniwersitetiniň Täze ýokanç keseller maksatnamasynyň müdiri professor Wan Linfiň “The Straits Times” gazetine beren habaryna görä, täze koronawirus epidemiýasy ýakyn on ýylda dünýäni gurşap biler. Bu barada sputniknews.ru habar berýär.
Hünärmen täze kesel, edil COVID-19-da bolşy ýaly, ýene-de haýwandan adama geçer diýip çaklaýar. Alym iň umytsyz çaklama hökmünde, ýokançlygyň ýarganatlardan geçjekdigini aýdýar, sebäbi şeýle bolanda ýokanç asimptomatik usulda, ýagny bilniksiz ýokuşýar. Linf hut ýarganatlaryň bu keseli edil haýwanlara ýokuşdyryşy ýaly, adamlara hem geçirip bilýändigini we olaryň dünýäniň köp jünjeklerinde ýaşamagynyň aýratyn alada döredýändigini nygtaýar.
Şeýle-de bolsa, alym täze koronawirusyň haçan ýüze çykjakdygyny takyk aýdyp bilmedi we bu wirusyň COVID-19 bilen deňeşdireniňde nä derejede howply boljakdygyny düşündirmedi.
Koronawirusyň ýaýrap başlamagy 2019-njy ýylyň dekabrynda Hytaýda bolup geçdi. Kesel SARS-CoV-2-iň öň näbelli bolan ştammyny döredýär. Ýokanç adama pangolinleriň üsti bilen ýarganatlardan geçipdi. Alty aýyň içinde bu ýokaşma bütin dünýä ýaýrady we şol sebäpli Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bu ýagdaýy pandemiýa diýip ykrar etdi.
7-nji iýuldaky statistik maglumatlara görä, dünýäde 11,76 milliondan gowrak adam koronawirusdan ejir çekýär. 541 müňden gowrak näsag bu keseliň pidasy boldy.

вчера 11:31
3k+

ВОЗ ожидает завершения вспышки хантавируса 2 июля

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что вспышка хантавируса может быть признана завершённой 2 июля, если к этому времени не будут выявлены новые случаи заболевания....

24.06.2026 18:05
2.7k+

ВОЗ: вспышка Эболы в ДР Конго стала крупнейшей в истории

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что текущая вспышка лихорадки Эбола в Демократической Республике Конго стала крупнейшей в истории по числу подтверждённых случаев за первый месяц после......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....