Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökümdary” boýunça serialy düşürmek işleri dikeldilýär

Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökümdary” boýunça serialy düşürmek işleri dikeldilýär

Amazon serwisi üçin “Ýüzükleriň hökümdary” köp seriýaly adaptasiýany döredijiler kino düşürme işlerini dikeltmäge taýýarlanýarlar. Variety portalynyň maglumatlary boýunça, Täze Zelandiýanyň hökümeti filmiň önümçiligini dowam etdirmek üçin taslamanyň toparyna ýurduň territoriýasyna girmäge resmi taýdan rugsat berdi. Muny kinoafisha.info ýetirýär. Şeýle-de, prodakşn üçin bu rugsada uly filmleriň we seriallaryň birnäçesi hem eýe boldy. Umumy alanyňda, ýurda girmäge 200-den gowrak adam, 35 sany maşgala agzalary we kino düşüriji toparlar rugsat aldy. Belläp geçsek, Täze Zelandiýanyň hökümetine berk çäreleriň kömegi bilen koronawirus ýaýrawynyň öňüni almak başartdy.
Geljekki filmiň sýužeti heniz berk gizlinlikde saklanýar. Ýöne bir zat belli, waka trilogiýanyň sýužetiniň başlamagyndan öňki, ýagny “Ikinji eýýam” diýlip atlandyrylýan döwre dolanar. Bu döwürde Ortaýerde Numenor döwleti döreýär we ýitirim bolýar, elfler bilen Sauronyň arasynda dowamly uruş gidýär we Ähli hökmürowanlygyň Ýüzügi döredilýär.
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” aktýor düzüminde Robert Aramaýo, Owaýn Artur, Nazanin Boniadi, Tom Baj, Morfidd Klark, Ismael Kruz, Ema Horwat we beýlekiler görkezilen. Premýera geljek ýylda Amazon onlaýn-kinoteatrynda geçer.
Belli bolşy ýaly, Täze Zelandiýa dürli filmleriň we seriallaryň düşürilýän ýeri hökmünde köp çykyş edýär. Bu bezeg hökmünde ulanylýan peýzažlaryň köpdürlüligi bilen baglydyr. 2020-nji ýylyň martynda ähli ulag aragatnaşyklary bes edildi, şol sebäpli köp kinokartinalaryň önümçiligi hem saklanyldy. Olaryň arasynda “Awatar 2” hem bar. Bu kartinanyň üstünde işler hem dikeldildi. “Awatar 2-niň” çykarylmagy 2021-nji ýyla meýilleşdirilen.
Mundan başga-da, Täze Zelandiýada beýleki kinotaslamalaryň düşürilişi hem geçer, olaryň arasynda “Kowboý Bibop” we täze “Güýçli reýnjerler” seriallary bar.