Robotlar adamzada garşy çykyp bilerlermi?

  • 05.07.2020 13:43
  • 6.3k+

Dürli döwürlerde toslaýjy-ýazyjylar adamlar bilen emeli intellektli robotlaryň arasyndaky uruş barada birnäçe zatlary döretdiler. Iş ýüzünde alymlar şeýle hadysanyň ýakyn geljekde bolup bilmek mümkinçiligini ýalana çykardylar. Urşuň mümkin bolmagy üçin robotlar aňyň ýokary görnüşine eýe bolmaly. Ýöne ylymda şeýle emeli intellekti döretmäge girişmek barada hatda pikir hem ýok. Häzirki wagtda emeli intellekt düşünjesi diňe marketingde peýdalanylýar diýip, Planet Today neşiri ýazýar. Muny newinform.com habar berýär.
“Eger-de siz emeli intellekt boýunça hünärmenden hakyky emeli intellekti döretmek boýunça işleriň nähili alnyp barylýandygy barada sorasaňyz, ol size “hiç hili” diýip jogap berer. Sebäbi hünärmenler nämeden başlajakdyklaryny bilmeýärler. Biziň beýnimiziň göterýän aňy bedeniň ähli ulgamlary, sosial we medeni aýratynlyklary bilen şeýle bir bagly welin, ylymda heniz bularyň ählisini sanly görnüşe geçirip boljakdygy barada pikir ýok” – diýip, hünärmen Stýuart Rasell belleýär. Ýöne şunuň bilen birlikde barlagy alyp baryjylar adamyňkyny ýada salýan aňy hasaplamak bolýar diýip pikir edýärler. Olar aňyň döremegi üçin esas häzirki wagtda diňe janly jandarlara mahsus bolan maglumaty işlemegiň aýratyn usullary bolup durýar diýip çaklaýarlar.
Biziň beýnimiz hemişe hasap bilen meşgullanýar, daşyndan alynýan maglumatlary elektrik signallaryna we neýron baglanyşyklaryna öwürýär. Eger-de bu hasaplamalary “maşyn diline” koduň kömegi bilen geçirsek, onda robotlar adamlar ýaly hereket edip we pikirlenip başlarlar.
Ýöne, munuň ýönekeý görünýändigine garamazdan, alymlar aňly robotlary döretmekde uly meseläniň bardygyny boýun alýarlar.

düýn 20:39
3.3k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

düýn 16:00
1.1k+

«Curiosity» marsahodynyň tejribesi Marsyň topragynda onlarça organiki molekulalary ýüze çykardy

NASA-nyň «Curiosity» marsahody täsin himiki tejribäni üstünlikli amala aşyrdy. Onuň dowamynda Marsyň toprak nusgalarynda onlarça görnüşli organiki molekulalar tapyldy....

28.04.2026 23:08
2.4k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 23:04
1.7k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....