Eýran gaz bergisi üçin Türkmenistana 2 milliard dollar tölemäge borçly edildi

  • 02.07.2020 19:19
  • 17k+

Halkara Arbitraž Kazyýeti (ICA) eýran-türkmen gaz dawasy baradaky kararyny yglan etdi. Bu barada Eýranyň iňlis dilinde çap edilýän “Finans Tribune” gazetine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Türkmengaz» DK-nyň we Milli Eýran gaz kompaniýasynyň (NIGC) berýän maglumatlaryna esaslanyp, IRNA Eýranyň 2007-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyny tölemezlikde günäkärlenendigini mälim etdi. Heniz ähli jikme-jiklikleri doly aýan edilmedik karara laýyklykda, Eýran bu berginiň aşagyndan çykmak üçin Aşgabada 2 milliard dollara golaý töleg tölemäge borçly» - diýip, neşirde aýdylýar.

Mundan başga-da, Halkara Arbitraž Kazyýetiniň düzgünlerine görä, iki tarap hem ylalaşmasa, Nebit ministrligi we Milli Eýran gaz kompaniýasy kazyýetiň kararynyň jikme-jiklikleriniň çap edilmejekdigini aýdýar diýip, gazetde bellenilýär.
Ýadymyzda bolsa, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz dawasy 2017-nji ýylda, eýran tarapynyň Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasyna gaz üpjünçiligini 1-nji ýanwardan bes etdi diýen habary bilen baglanyşykly ýüze çykypdy. Muňa jogap hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň Eýranyň ozal iberilen gaz üçin bergisi sebäpli gaz üpjünçiligini azaltmaga mejbur bolandygyny aýdypdy. Uzaga çeken gepleşiklere garamazdan, taraplar özara ylalaşyga gelip bilmediler we «Türkmengaz» döwlet konserni Halkara Arbitraž Kazyýetine ýüz tutmaga mejbur boldy.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....