ABŞ BSGG-niň maliýeleşdirilmesini bölekleýin dikeltmekçi bolýar

  • 17.05.2020 23:25
  • 5.1k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň edarasy koronawirus pandemiýasy bilen göreş üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maliýeleşdirilmesini bölekleýin dikeltmekçi bolýar. Bu barada Fox News telekanalyna salgylanmak bilen iz.ru habar berýär.
Telealypbaryjynyň aýtmagyna görä, amerikan lideri bu teklip bilen baglylykda BSGG-niň baş müdiri Tedros Gebreýesusa hat ibermegi meýilleşdirýär.
“BSGG-niň ýetmezçiligine garamazdan, men gurama heniz hem ýokary mümkinçilige eýe diýip hasaplaýaryn we BSGG-niň häzirki bütindünýä çökgünligi wagtynda bu mümkinçiligini durmuşa geçirmegini isleýärin” – diýlip, Trampyň hatynda bellenilýär.
Şunuň bilen birlikde, Birleşen Ştatlar Hytaý bilen deň pul geçirmek şerti bilen maliýeleşdirme işini dikeltmäge taýýardygyny habar berdi. Öň, Trampyň habar bermegine görä, ABŞ her ýylda guramanyň býujetine $400 mln-dan $500 mln-a çenli pul geçirdi, şol wagt HHR bolsa $40 mln töleýärdi. Eger-de Hytaý BSGG-ni maliýeleşdirmesini ýokarlandyrsa, onda ABŞ hem pul möçberini ýokarlandyrmak mümkinçiligine sereder diýlip hatda görkezilýär.
14-nji maýda Tramp Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen baglylykda bildiriş etdi. Aprel aýynyň ortalarynda Tramp BSGG-niň netijesizdigi sebäpli onuň maliýeleşdirilmesiniň bes edilýändigini habar berdi. Ol guramany koronawirus pandemiýasy wagtynda Hytaýda ünsüni jemländigi üçin tankytlady. Amerikan lideri guramanyň, esasan, ABŞ-nyň hasabyna maliýeleşýändigine garamazdan, HHR-e has köp üns berdi diýip hasaplaýar. Ýewrobirleşikde Trampyň maliýeleşdirmegi bes etmek baradaky netijesi ýazgaryldy. 8-nji maýda BSGG koronawirus ýaýrawyna taýýarlanma we oňa garşy jogap berme boýunça strategik meýilnamasyny täzeledi we muny amala aşyrmak üçin $1,7 mlrd gerek diýip habar berdi.

şu gün 12:20
123

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......