Russiýa 27-nji martdan beýleki ýurtlar bilen awiagatnawlaryny bes eder

  • 26.03.2020 16:49
  • 5.9k+

27-nji martda anna güni ýarygijeden başlap, Russiýa Federasiýasynda awiakompaniýalar daşary ýurtlara amala aşyrýan yzygiderli we çarter uçuşlaryny bes eder, diýip Euronews agentligi habar berýär. Diňe daşary ýurtlardan RF-iň raýatlaryny getirmek bilen bagly uçuşlar, şeýle hem RF-iň Hökümetiniň aýratyn tabşyryklary boýunça uçuşlar kadadan çykma görnüşinde gatnawlary amala aşyrarlar. Bu çözgüt Russiýada täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş boýunça utgaşdyryjy geňeşiň mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edildi. «Aeroflot» awiakompaniýasynda habar berlişi ýaly, häzirki wagta çenli kompaniýa 94 sany halkara ugurlarynyň 92-sini ýatyrdy.
Şol bir wagtda gelýän ýolagçylaryň ählisi ýokanç keseliň barlygyny anyklamak üçin başlangyç barlagy eýýäm aeroportda geçerler. Gelen ýolagçylaryň bedeniniň temperaturasy ölçener, analiz üçin material alnar. Şeýle hem olara öýde 14 günlük izolýasiýa hakynda Baş döwlet sanitar lukmanynyň görkezmesi gowşurylar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýagdaýy dolulygyna gözegçilik astyna aldy. Netijede, Hytaýda koronawirusyň ýaýramagy bilen baglylykda, «Türkmenhowaýollary» ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara howa gatnawlaryny ýatyrdy.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......