«Türkmenhowaýollary» gatnawlaryň ýatyrylýanlygy barada goşmaça habar berýär

  • 25.03.2020 18:02
  • 15k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýadaky bölüminiň saýty COVID-19 wirusynyň ýaýrmagynyň öňün almak we ýolagçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilen aşakdaky gatnawlaryň hem ýatyrylandygyny habar berýär:
03 / 04.03.2020 ― 31.05.2020 aralygynda:
T5 641/642, 647/648 gatnawlary boýunça Aşgabat ― Bangkok ― Aşgabat ugry;
18.03.2020 ― 30.04.2020 aralygynda
Aşgabat ― Moskwa ― Aşgabat ugry boýunça ähli uçuşlar
03.04.2020 ― 26.04.2020 aralygynda
T5 733/734 gatnawlary boýunça hepdede 5 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Kazan ― Aşgabat ugry;
T5 735/736 gatnawlary boýunça hepdede 7 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Kazan ― Aşgabat ugry;
01.04.2020 ― 30.04.2020 aralygynda
T5 729/730 gatnawlary boýunça hepdede 3 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat ugry;
T5 727/728 gatnawlary boýunça hepdede 5 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat ugry;
T5 731/732 gatnawlary boýunça hepdede 6 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat ugry;
28.03.2020 ― 25.04.2020 aralygynda
T5 785/786 gatnawlary boýunça hepdede 6 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Minsk ― Aşgabat ugry;
20.03.2020 ― 15.04.2020 aralygynda
T5 531/532 gatnawlary boýunça hepdede 3 gün amala aşyrylýan Aşgabat ― Deli ― Aşgabat ugry;
T5 535/536 gatnawlary boýunça hepdäniň anna we şenbe günlerinde amala aşyrylýan Aşgabat ― Deli ― Aşgabat ugry;
T5 537/538 gatnawlary boýunça hepdäniň şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýan Aşgabat ― Deli ― Aşgabat ugry;
03/04.03.2020 ― 31.05.2020 aralygynda
T5 607/608, 605/606 gatnawlary boýunça Aşgabat ― Pekin ― Aşgabat ugry;
18.03.2020 ― 30.04.2020 aralygynda
Aşgabat ― Stambul ― Aşgabat ugry boýunça ähli uçuşlar.

düýn 11:03
1.7k+

2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy

2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär...

09.01.2026 16:16
5.2k+

NASA astronawtyň saglyk ýagdaýy sebäpli Crew-11 ekipažyny kosmosdan möhletinden öň yzyna gaýtarýar

NASA agentligi astronawtlaryň birinde ýüze çykan lukmançylyk meseleli ýagdaý sebäpli, SpaceX kompaniýasynyň Crew-11 ekipažyny meýilleşdirilen wagtyndan öň Ýere gaýtarmak barada karar kabul etdi. Bu barada CBS News neşiri kosmos agentliginiň direktory Jared Aýzekmana salgylanyp habar berýär...

06.01.2026 23:08
11k+

Güýçli çabga Indoneziýada suw joşgunyna getirdi

5-nji ýanwarda irden Indoneziýadaky Siau adasynda güýçli suw joşgunyna sebäp bolan çabga başlady. Demirgazyk Sulawesidäki tebigy betbagtçylygyň azyndan 14 adam pidasy boldy, ýene dördüsi dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar...

05.01.2026 11:44
8.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...