Hytaýdan gelen türkmen talyplary okuwlaryny internet üsti bilen dowam edip bilerler

  • 09.02.2020 16:03
  • 10k+

Hytaýyň Bilim ministrligi koronawirus keseliniň ýaýramagy sebäpli, tutuş ýurt boýunça kollejleri we uniwersitetleri uzak aralykdan sapak bermek arkaly elektron okuw gurnamaklyga borçlandyrdy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
HHR-iň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan gözükdirmelere laýyklykda, okuw mekdepleri internetde bilim bermek çärelerini gurnamak üçin ýokary hilli onlaýn okuwlaryny we platformalaryny doly derejede ulanmaga borçludyrlar.
Gözükdirmede bellenilişi ýaly, onlaýn okuwlaryň klas otaglaryndaky ýaly netijeli bolmagy üçin zerur bolan ähli tagallalar edilmeli.
Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bolan türkmen talyplary hem öz okuwlaryny wideoleksiýalaryň we uzak aralykdan sapaklaryň üsti bilen dowam edip bilerler.
«Türkmentelekom» DEAK-nyň wekiliniň tassyklamagyna görä, munuň üçin tehniki mümkinçilik bar we ýurduň ähli welaýatlaryndaky, etraplaryndaky internet-kafeleri nauşnikler we web kameralar bilen üpjün edilen, internet-kafeleriň özi bolsa, gije-gündizleýin işleýär.
Şu hepdäniň başyna çenli HHR-iň 22 sany sanly bilim platformalary 24 müňden gowrak mugt onlaýn okuwlaryny açdylar. Olar öz içine bakalawrlygyň 12 ugruny we 18 hünärini alýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklarynyň elektron maglumat goruny okuw-usuly, terbiýeçilik ähmiýetli täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak, bitewi bilim toruny döretmek boýunça işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär.

düýn 23:02
1.3k+

Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi....

düýn 22:45
615

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda orta mekdepleriň uçurymlary, esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän......

26.04.2026 20:55
3.2k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.8k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....