Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda güýçli yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

  • şu gün 16:54
  • 771

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda çynlakaý alada döredýän "super El-Ninýo" diýlip atlandyrylýan hadysanyň bolmagynyň ähtimallygynyň artýandygy barada duýduryş berýärler. 

Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryş edarasy (NOAA) şu ýazda El-Ninýo hadysasynyň bolmagynyň 62% ähtimallygyny habar berdi. Adatça, bahar çaklamalary beýle bir takyk hasaplanmaýan hem bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda bu hadysanyň bolmagynyň ähtimallygy ummanyň aşakky gatlaklaryndaky adatdan daşary ýokary ýylylyk gorlary we pes derejeli passat ýelleriniň gowşamagyna garaşylýandygy bilen tassyklanýar.

NOAA howa çaklamalary merkezi 2026-njy ýylyň oktýabr we dekabr aýlary aralygynda hut güýçli fazanyň emele gelmeginiň ähtimallygynyň häzirki wagtda üçden bire deňdigini belleýär.

La-Ninýa we El-Ninýo tebigy howa sikliniň garşylykly tapgyrlaryny görkezýär. La-Ninýa Ýuwaş ummanynyň üstünde passat ýelleri güýçlenip, ýyly suwy günbatara tarap iterende we Amerikanyň kenarlaryndan sowuk çuňluk suwlarynyň göterilmegine sebäp bolanda ýüze çykýar, bu bolsa planetany wagtlaýynça sowadýar. El-Ninýo passat ýellerini gowşadýan birnäçe günbatar ýelleriniň täsiri bilen ýüze çykýar. Bu ýagdaýda ummanyň gyzan üstki gatlagy sowuk suwuň göterilmegine böwet bolýar we temperaturanyň çürt-kesik ýokarlanmagyna getirýär.

El-Ninýo adatça bir ýyl töweregi dowam edýär we adatdan daşary howa şertlerini döredýär. Fiziki kanuna görä, howanyň temperaturasy her bir gradus Selsiý ýokarlananda, atmosfera çyglylygy öňküden 7% köp saklaýar we bu bolsa tropiki ýerlerde weýrançylykly ýagyşlara, suw joşmalaryna we yssynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. 2024-nji ýylyň martynda tamamlanan öňki waka dünýäde rekord derejede yssy tolkunlarynyň döremegine we tokaý ýangynlaryna sebäp bolupdy.

Adaty El-Ninýo hadysasy ortaça global temperaturany 0,1–0,2°C ýokarlandyrýar. Göräýmäge bu köpem däl, emma bu täsir antropogen ýylylyk bilen has-da güýçlenýär, bu bolsa Ýeriň temperaturasyny, senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende, takmynan 1,3–1,5°C ýokarlandyrdy. Hut şu sinergetik täsir geljekki hadysany potensial howply edýär.

"Super El-Ninýo" resmi ylmy adalga hasaplanmasa-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ulanylýar. Bu hadysanyň güýji resmi taýdan Umman El-Ninýo indeksi (ONI) boýunça klassifikasiýa edilýär. Fazany tassyklamak üçin Ýuwaş ummanynyň tropiki böleginde suwuň temperaturasy birnäçe aýlap adaty temperaturadan azyndan 0,5°C ýokary bolmaly. 1–1,4°C ýylylyk ortaça hasaplanýar, güýçli ýylylyk bolsa indeks 1,5°C-a ýa-da ondan ýokary derejä ýetende ýüze çykýar.

2026-njy ýylda güýçli El-Ninýonyň döremegi jedelli mesele, sebäbi La-Ninýa tapgyry ýaňy-ýakynda, fewral aýynda tamamlandy. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary ummanyň öňki siklden soň öz ýylylygyny gaýtadan doldurmak üçin adatça wagt gerekdigini nygtaýarlar. Şeýle-de bolsa, barlagçylar global maýlamaklygyň bu dikeldiş döwrüni gysgaldyp, ekstremal tapgyrlaryň biri-biriniň yzyndan has çalt gelmegine mümkinçilik berýändigini boýun alýarlar.

Soňky makalalarda klimatologlar, teswirçileriň entek adalganyň üstünde jedelleşýän mahalynda, esasy aladanyň dünýä ummanynyň ýüzüniň temperaturasynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede çalt ýokarlanmagy bolup galýandygyny belleýärler. Öňümizdäki El-Ninýonyň "super" derejä ýetjegine-ýetmejegine garamazdan, onuň umumy howa tendensiýasy bilen utgaşmasy 2026-njy ýylyň aýagyny howa gözegçilikleriniň taryhynda iň kyn döwürleriň birine öwürjege meňzeýär.



 


şu gün 14:54
425

Barlaglar çagalaryň almakdan paýlaşmagy has gowy görýändigini tassyklady

Çagalar özlerine sowgat berilenden-de has beter, şol sowgady kimdir biri bilen paýlaşan wagtlary özlerini bagtly duýýarlar diýip, Developmental Science žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerinde aýdylýar. ...

düýn 15:16
5.9k+

Tiz tagam we süýjülikler baradaky wideolara tomaşa etmeklik açlyk duýgusyny saklamaga kömek edýär

Bristol we Buffalo uniwersitetleriniň barlagçylary süýjülikler hem-de tiz tagamlary şekillendirilýän wideolara tomaşa etmegiň berhiz tutýan adamlara işdäsini saklamaga kömek edip biljekdigi baradaky netijä......

düýn 14:04
1.6k+

Synaglar saglakaýlygyň dogabitdi däldigini subut etdi

Hytaýly alymlar sag ýa-da çep eli ulanmagyň dogabitdi däl-de, eýsem, çagalykda emele gelýändigini ýüze çykardylar. Bu gözlegleriň netijeleri Journal of Genetics and Genomics atly ylmy žurnalda çap edildi....

düýn 00:00
2k+

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......