Bu futbolçylar kyrkyndan soň hem oýunlaryny ýokary derejede dowam edýärler

  • 11.04.2026 23:23
  • 9.9k+

Futbolçylaryň köpüsi 35 ýaşynda butsylaryny duldan asýarlar. Ýöne beýle karara gelmek, ýaşa däl-de, her kimiň özüne bagly. Munuň şeýledigini häzirki wagtda «Kyrkdan soň – pyrk» däldigini görkezip ýören uly ýaşly futbolçylar hem subut edýär. Onuň üstesine, bu köpügören oýunçylaryň käbiriniň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hyýaly-da, oňa gabat gelýän ýagdaýy-da bar. Geliň, olar hakda kelam agyz ýatlaşalyň.

Derwezaban

Manuel Noýer (40 ýaş, «Bawariýa»).

Germaniýaly derwezeban we «Bawariýanyň» kapitany ýaňy-ýakynda 40 ýaşyny doldurdy. Onuň klub bilen şertnamasy möwsümiň ahyryna çenli dowam edýär, ýöne şondan soň hem onuň futboly taşlap-taşlamajagy näbelli mesele.

Toparyň baş tälimçisi Wensan Kompani: «Manunyň agyr şikesden soň yzyna dolanmagy meni haýran galdyrýar. Ol şu möwsümde-de gup-gurat. Şeýle durnukly netijeleri görkezmek diňe bir bedeniň däl, eýsem psihologiýanyň hem öte sagdyndygyny görkezýär» diýip, derwezebanyň özüne erk edip bilşini gözügidijilik bilen nygtaýar.

Goragçylar

Eşli Ýang (40 ýaş, «Ipswiç»).

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy häzirki wagtda Çempionşipde çykyş edýär. Ol karýerasynda «Mançester Ýunaýted» we «Aston Willa» ýaly klublarda hem öz yzyny galdyrmagy başardy. Şeýle-de ol 2007-2018-nji ýyllar aralygynda Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 39 gezek meýdança çykdy.

Tiago Silwa (41 ýaş, «Portu»).

Braziliýaly goragçy Portugaliýanyň çempionatynda oýnaýar we şertnamasynyň ahyryna çenli toparyna kömek bermek üçin elinden gelen yhlasyny gaýgyranok.

Raul Albiol (40 ýaş, «Piza»).

Ýewro-2008-iň, 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň we Ýewro-2012-niň ýeňijisi bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnady. Karýerasynyň iň gowy ýyllarynda «Walensiýa», «Real Madrid», «Napoli» we «Wilýarreal» ýaly meşhur klublarda çykyş etdi. Sentýabr aýynda, 40 ýaşynyň dolmagyna birnäçe gün galanda, Albiol karýerasyny ýapmakdan geçen, gaýta Ispaniýada geçiren alty ýylyndan soň Italiýanyň «Seriýa A» ligasynyň täze gatnaşyjysy «Piza» toparyna goşulmak üçin yzyna dolandy.

Dante (42 ýaş, «Nissa»).

Fransiýanyň 1-nji ligasynda 10 oýun geçiren Dante 2016-njy ýyldan bäri şu klubda oýnap gelýär. Jemi 300-den gowrak duşuşyga gatnaşan futbolçy möwsüm tamamlanandan soň, futbol karýerasyny ýapmakçy bolýar welin, kim bilýär?!

Sebäbi «Meniň dynç alşa çykmagyma iki aý wagt galdy. Dyzlarymyň ýagdaýy meni gyzyklandyrmaýar. Eger olaryň döwlesi gelýän bolsa, goý, döwülsünler» diýýän futbolçynyň öz deň-duşlarynyň enteklerem top kowalap ýörenlerini görüp, göwnüni böläýmegi-de daş däl.

Ýarym goragçylar

Luka Modriç (40 ýaş, «Milan»).

2018-nji ýylyň «Altyn topunyň» eýesi heniz hem esasy düzümde oýnaýar. Onuň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Horwatiýanyň düzüminde meýdança çykmak niýeti bar. «Ýagşy niýet–ýarym döwlet».

Jeýms Milner (40 ýaş, «Braýton»).

Angliýanyň Premýer-ligasynda 24-nji möwsümini geçirýär. Ol bu ligada iň köp oýun geçiren futbolçy hökmünde taryha girdi.

Santi Kasorla (41 ýaş, «Owýedo»).

«Arsenalyň» öňki ýyldyzy özüniň ilkinji kluby bolan «Owýedony» ýokary liga çykarmaga kömek etdi we häzir wagtda toparyň kapitany bolup meýdançada ylgap ýör.

Hüjümçiler

Lukas Podolski (40 ýaş, «Gurnik»).

Möwsümde 12 oýun geçirdi. Polşanyň klubynda jemi 25 gol urdy. Häzirki wagtda ýaşlara tejribe öwredip ýören bolsa-da,. futbol oýnamagyň lezzetini duýmagy-da unudanok.

Kriştianu Ronaldu (41 ýaş, «Al-Nasr»).

Bu futbolçy-ha «pyrk» bolmak hakda pikirem etmän, karýerasyndaky 1000-nji goluny urmagyň aladasynda. Şeýle-de portugaliýaly ýyldyz 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna-da ykjam taýýarlyk görýär.

Edin Jeko (40 ýaş, «Şalke»).

Bosniýanyň we Gersegowinanyň rowaýaty futbolçysy Edin Jeko 40 ýaşyny dolduran hem bolsa, ýokary derejede oýnamagyny dowam etdirýär. Dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky pleý-offyň ýarym finalynda ol Uelsiň derwezesine kellesi bilen gol urdy. Oňa gol pasyny beren Kerim Alaýbegowiç «Mançester Siti» we «Roma» klublarynyň öňki hüjümçisi (Jeko) milli ýygyndyda ilkinji oýnuny geçirende entek dünýä-de inmändi.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......