«Tottenhem» Roberto De Dzerbini baş tälimçi edip belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

  • düýn 23:41
  • 600

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ylalaşyk bäş ýyl möhlet bilen baglaşyldy we onda toparyň Angliýanyň Premýer-ligasyndan aşaky liga düşen ýagdaýynda şertnamany möhletinden öň ýatyrmak baradaky bölek goşulmady.

«Men şu ajaýyp futbol klubuna goşulýandygymdan örän şat... maksatlara ýetmek üçin bar güýjümi sarp ederin» diýip, De Dzerbi aýtdy.

De Dzerbi bu wezipede 44 günüň dowamynda klubda işlän horwatiýaly Igor Tudoryň ornuna geçdi. Tudoryň ýolbaşçylygynda topar ýedi duşuşyk geçirip, diňe bir gezek ýeňiş gazandy. Maglumatlara görä, Tudor öwez tölegini almazdan kluby terk etdi. Bir ýylyň içinde klub eýýäm üç tälimçini işden boşatdy.

Italiýaly hünärmen De Dzerbi 46 ýaşynda. Ol soňky gezek 2024-nji ýylyň iýunyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli «Marsel» toparynda işledi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Fransiýanyň çempionatynda ikinji orny eýeledi. Habar berilmegine görä, ol ýewrokuboklardaky we milli çempionatdaky şowsuzlyklardan soň, öz islegi bilen wezipesinden gitmek barada karar kabul etdi.

Mundan ozal De Dzerbi «Sassuolo», Doneskiň «Şahtýory» we «Braýton» ýaly toparlara tälim beripdi. Ol Angliýada «Braýton» klubuna taryhyndaky iň gowy netijäni gazanmaga we ýewrokuboklara çykmaga kömek etdi.

APL-iň 31-nji tapgyryndan soň «Tottenhem» 30 utuk toplap, ýaryş jedwelinde 17-nji orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 12-nji aprelde «Sanderlend» toparyna garşy geçirer.


düýn 11:15
8.1k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
11k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 10:51
11k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......

30.03.2026 13:18
7.9k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......