Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

  • şu gün 19:31
  • 836

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy.

Kilauea dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri hasaplanýar. Ol adanyň günorta-gündogarynda ýerleşýär we «galkan görnüşli» wulkanlara degişlidir. Şeýle wulkanlaryň depesine tarap kem-kemden ýokarlanýan giň we ýapgyt eňňitleri bolýar. Olaryň bu görnüşi suwuk bazalt lawasynyň eňňitlere ýaýramagy netijesinde köp sanly atylmalardan soň emele gelipdir.

Kilauea has uly bolan Mauna-Loa wulkany bilen bilelikde Gawaýiniň Milli wulkanlar parkynyň düzümine girýär. Iki wulkan hem ýeriň mantiýasyndan gelýän gyzgyn akymlaryň ýüzüne çykyp, magmany emele getirýän «gyzgyn nokadynyň» üstünde ýerleşýär.

2024-nji ýylyň 23-nji dekabryndan bäri wulkanyň atylmagy wagtal-wagtal gaýtalanýar. Adatça, olar Halemaumau kraterindäki iki sany — demirgazyk we günorta agyzdan başlanýar. Belli bolşy ýaly, şeýle hadysalar 12 sagatdan az dowam edýär, olaryň arasyndaky arakesmeler bolsa iki hepdä çenli ýetip bilýär.

«43-nji hadysa» diýlip atlandyrylan soňky atylma 10-njy martda başlap, dokuz sagat töweregi dowam etdi. Bu wagtyň içinde wulkan köp mukdarda tefrany — wulkan külüniň, pemzanyň we beýleki ownuk dag jynslarynyň garyndysyny daşa çykardy.

Bu hadysa tamamlanandan soň, hünärmenler wulkanyň depesinde topragyň biraz ýokary galandygyny hasaba aldy. ABŞ-nyň Geologik gullugynyň maglumatlaryna görä, atylmanyň indiki tapgyry 28-nji martdan 14-nji aprel aralygynda bolup biler.


düýn 16:30
6.9k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar...

12.03.2026 23:40
12k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...

07.03.2026 20:33
6.7k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

07.03.2026 16:39
22k+

Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?

Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler...