FIFA dünýä çempionatynyň býujetini 100 million dollar azaltdy

  • 10.03.2026 20:25
  • 5.9k+

FIFA şu tomusda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň amaly býujetini 100 million dollardan gowrak azaltmak barada netijä geldi. Gurama munuň sebäbini girdejileriň 90 göterimini bütin dünýäde futboly ösdürmäge gönükdirmek bilen düşündirýär diýip, «The Athletic» neşiri habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, şeýle tygşytlylyk amerikan salgyt töleýjileriniň çykdajylarynyň ýokarydygyny we janköýerler üçin petekleriň rekord bahalaryny göz öňünde tutsaň, birnäçe soraglary döredýär.

«FIFA çykdajylara gözegçilik etmek we bütin dünýäde futboly ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryny mümkin boldugyndan ýokary derejede artdyrmak üçin býujetiň netijeliligini yzygiderli seljerýär. Bu geň galdyrmaly däl, sebäbi biziň her bir ýaryşymyzyň we çärämiziň öňüsyrasynda, adatça, býujete gaýtadan seredilýär. Býujeti netijeli ulanmaga bolan ymtylmalaryň FIFA-da geçiriljek prezident saýlawlary bilen baglanyşyklydygy baradaky tassyklamalar düýbünden esassyzdyr» – diýip, guramada bellenildi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda üç ýurtda: ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.


şu gün 15:58
486

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
1.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......