Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

  • şu gün 12:42
  • 437

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar.

Bu wirusyň iň gorkuly tarapy, onuň enjama sarp ediji tarapyndan satyn alynmazyndan öň ýerleşdirilmegidir. Zyýanly kod enjam öndürilýän wagty ýa-da ýygnalýan pursadynda ulgamyň düýp gurluşyna (proşiwka) ornaşdyrylýar. Wirus özüni ulgamyň kanuny we möhüm bölegi hökmünde görkezýär, bu bolsa ony adaty usullar bilen tapmagy kynlaşdyrýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, wirus programma üpjünçiligi döredilende ulanylýan nätanyş kodlar, enjamlary ýygnaýan zawodlardaky howpsuzlyk boşluklary ýaly ýollar arkaly enjamlara düşüp bilýär.
Keenadu wirusy diňe bir mahabat däl, eýsem uly kiberjenaýat guralydyr:
Zäherlenen enjamlar "bot" hökmünde ulanylyp, fon tertibinde mahabatlara awtomatiki basylmagyny üpjün edýär we jenaýatçylara girdeji getirýär.
Wirusyň käbir görnüşleri enjamy doly ele geçirmäge, gizlin maglumatlary ogurlamaga we islendik APK faýlyny birugsat gurnamaga ukyplydyr.


26.01.2026 09:58
2.8k+

Gmail-e derek Proton Mail, Telegram-a derek Signal: Ethereum-iň esaslandyryjysy haýsy programmalary howpsuz hasaplaýandygyny aýtdy

Ethereum kriptowalýutasyny esaslandyryjy Witalik Buterin ulanyjy maglumatlarynyň goraglylygyna we "hasaplama özbaşdaklygyna" üns berip, gündelik ulanýan programmalaryny nähili üýtgedendigi barada X (öňki Twitter) ulgamynda maglumat berdi...

17.01.2026 22:33
3.3k+

Sony we JBL-iň millionlarça nauşnikleriň gizlin diňlenme howpuna sezewar boldy

Belgiýanyň Leuven uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri Google-yň Bluetooth esasly Fast Pair protokolyny goldaýan ses enjamlarynda möhüm näsazlygyň bardygyny anykladylar. Şunlukda bu kemçilikler...

25.12.2025 11:40
1.9k+

Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar

Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy...

10.12.2025 15:41
3.1k+

«Kasperskiý labaratoriýasy» 2025-nji ýylyň iň köp ýaýran parollaryny aýtdy

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda dünýäde maglumat syzmalarynda hasaba alnan her iki ýüzünji parol «2024» bilen gutarýardy. Bu barada global maglumat syzmalaryny seljermegiň netijesinde «Kasperskiý labaratoriýasy» tarapyndan alnan maglumatlara salgylanyp, TASS habar berýär...