1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy

  • 11.12.2025 09:42
  • 6.1k+

Ýerde häli-häzire çenli hasaba alnan iň gaty ses 1883-nji ýylda Indoneziýada Krakatau wulkan adasynyň atylmagy boldy. Partlama 3 müň kilometrden gowrak aralykda eşidildi we dünýädäki barometrler onuň planetany ýedi gezek aýlanan zarba tolkunyny hasaba aldy diýip, Live Science neşiri ýazýar.

Häzirki hasaplamalara görä, wulkanyň merkezinde sesiň gatylygy 310 desibele ýetip bilerdi. Şeýle derejede ses tolkunlary zarba tolkunlaryna öwrülýär, çünki ses tolkunlary 194 desibel çäginden geçenden soň, howa gysylýar we güýçli impuls ýaly hereket edýär.
Wulkandan 160 kilometr uzaklykda sesiň gatylygy, takmynan, 170 desibel bolup, bu gulagyň eşidişiniň hemişelik ýitmegi üçin ýeterlikdir. 64 kilometr aralykda bolsa partlama deňizçileriň gulak perdelerini deşip bilerdi.
Germaniýada Aheniň Reýn-Westfal tehniki uniwersitetiniň Eşidiş tehnologiýasy we akustika institutynyň ýolbaşçysy, professor Mihael Forlender partlama wagtynda Krakataunyň gatylygynyň takyk derejesiniň belli däldigini, çünki şol wagtlar ölçeg gurallarynyň bolmandygyny belleýär.
Iň gaty ses adyna ýene bir dalaşgär 1908-nji ýylda Sibirde Tungus meteoritiniň partlamagydyr. Ol, takmynan, 300-315 desibel diýlip hasaplandy.
Global datçikleriň ulanylan döwrebap sanly eýýamy barada aýdylanda, iň gaty ses ady 2022-nji ýylyň ýanwarynda Hunga-Tonga wulkanynyň atylmagyna degişlidir.
Bu güýçli atylma Ýeri ençeme gezek aýlanan we Merkezi Ýewropada hem Alýaskada adamlaryň eşiden ses tolkunyny döretdi. Golaýdaky ylmy stansiýa basyş böküşini hasaba aldy. Ol çeşmeden bir metr uzaklykda şertli desibele geçirilende, takmynan, 256 desibel bolardy. Ýöne alymlar çeşmäniň golaýynda adaty ses tolkunynyň däl-de, çalt hereket edýän howanyň bolandygyny belleýär. Şonuň üçin desibele geçirmek nätakyk netijäni berýär.
Geň ýeri, täze eýýamdaky iň güýçli zarba tolkuny adamlar üçin eşidilmedi diýen ýaly, sebäbi ol adamyň eşidiş mümkinçiliginiň çäginden daşdady.

düýn 10:08
2.8k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.6k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......