“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

  • 07.12.2025 11:25
  • 5.8k+

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

“Inter Maýami” 8-nji minutda goragçy Edier Okamponyň awtogoly netijesinde hasaby açdy. “Wankuweriň” oýunçylary oýnuň diňe ikinji ýarymynda hasaby deňlemegi başardy – Ali Ahmed gol geçirdi (60-njy minut).
“Inter Maýaminiň” ýeňiş gazanmagyna argentinaly oýunçylaryň – Rodrigo De Paulyň (71-nji minut) we Tadeo Alendeniň gollary (90+6) kömek etdi. Gollaryň ikisi-de toparyň kapitany Lionel Messiniň assist etmegi bilen geçirildi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi dokuz assist bilen pleý-offuň iň gowy assistenti boldy.
Bu ýeňiş “Inter Maýami” üçin taryhy boldy, çünki klub 2018-nji ýylda döredileni bäri we 2020-nji ýylda ligada çykyş edip başlany bäri ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy.
Messi üçin bu kubok professional karýerasynda 48-nji boldy – ol titul sany boýunça absolýut rekord eýesidir. Klub bolsa döredileni bäri dördünji kubogyny gazandy.
Belläp geçsek, bu oýun titully iki ispan futbolçysy – Žordi Alba we Serhio Buskets üçin karýerasynda soňky oýun boldy.
Major League Soccer ABŞ-da we Kanadada professional futbolyň ýokary diwizionydyr.
Ýaryş iki tapgyrda geçirilýär. Ilki liganyň Gündogar we Günbatar konferensiýa bölnen toparlary yzygiderli möwsümiň oýunlaryny oýnaýar. Öz konferensiýalarynda ýokary orunlary eýelän toparlar pleý-off tapgyryna çykýar. Bu tapgyr “utulan çykdy” oýunlaryndan ybarat bolup, ýeňiji Olimpiýa ulgamy boýunça kesgitlenýär.
Gündogar (“Inter Maýami”) we Günbatar (“Wankuwer Uaýtkeps”) konferensiýalaryň pleý-offunda ýeňiji bolan iki topar MLS Kubogy (MLS Cup) adyny göterýän final oýnunda duşuşýar. Bu oýnuň ýeňijisi liganyň çempiony diýlip yglan edilýär.
Şeýlelikde, “Inter Maýami” diňe bir ligany däl, eýsem möwsümiň ahyrynda final oýnunda berilýän esasy kubogy utdy.


düýn 14:15
9.3k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......