Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry gollaryň sanyny rekord 71 gola ýetirdi

  • 23.10.2025 16:12
  • 7.7k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasy-2025/26-nyň üçünji tapgyrynyň ikinji oýun güni aýratyn boldy – ol geçenki oýunlarda geçirilen gollaryň üstüni ýetirip, rekord 71 gol getirdi.

Çarşenbe güni uly netije görkezen toparlar “Çelsi”, “Liwerpul” we “Bawariýa” boldy. Tapgyryň merkezi oýnunda “Real” “Ýuwentusdan” üstün çykdy.
“Realyň” we mýunhenlileriň ýeňşinden soň, ýüz göterim netijeli toparlaryň umumy sany bäşe ýetdi – iň ýokary 9 utugy “PSŽ”, “Inter” we “Arsenal” hem gazanypdy.
Çarşenbe gününiň oýunlary:

“Real” – “Ýuwentus” 1:0
“Ýuwentus”, esasan, goraga üns berip, aram-aram garşydaşyň derwezesine tarap howply pursatlary döretdi. Gol geçirmäge Duşan Wlahowiç has ýakyn bolupdy, ýöne ol bire-bir çykybam, gol girizip bilmedi. “Reala” ýeňiş gazanmaga Jud Bellingem kömek etdi, ol Winisius Žunioryň ştanga urgusyndan soň topy derwezä girizdi.

“Bawariýa” – “Brýugge” 4:0
17 ýaşly Lennart Karl takyk urgy bilen hasaby açyp, ÇL-de “Bawariýanyň” iň ýaş gol awtory boldy. Galan gollary Garri Keýn, Luis Dias we Nikolas Jekson geçirdi.

“Çelsi” – “Aýaks” 5:1
Bu oýnuň birinji ýarymy diýseň täsirli boldy – bäş gol geçirildi, üç penalti boldy we meýdançadan oýunçy çykaryldy. “Aýaksyň” oýunçysy Kennet Teýlor eýýäm 15-nji minutda meýdançadan çykaryldy. Londonlylar üç minutdan soň hasaby açdy – Mark Giýu jerime urgusyndan gol girizdi. Soňra Moýses Kaýsedo, Enso Fernandes (penalti), Estewao (penalti) we Taýrik Jorj tapawutlandy. Niderlandly klubdan Waut Weghorst on bir metrden teselli beriji goly geçirdi.

“Aýntraht” – “Liwerpul” 1:5
Bu oýunda birinji bolup hasaby 26-njy minutda nemes kluby açdy – Rasmus Kristensen tapawutlandy. Ýöne “Liwerpul” derrew özüni ele alyp, 10 minutda üç gol geçirdi. Hasaby Ugo Ekitike deňledi, soňra Wan Deýk, Konate, Gakpo we Soboslai gol girizdi.

Galan oýunlar:

  • “Atletik” – “Karabah” 3:1
  • “Galatasaraý” – “Budýo Glimt” 3:1
  • “Monako” – “Tottenhem” 0:0
  • “Atalanta” – “Slawiýa” 0:0
  • “Sporting” – “Olimpik” Marsel 2:1

şu gün 13:42
728

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......