Messi ýaş futbolçylar üçin täze halkara ýaryşynyň döredilendigini habar berdi

  • 17.10.2025 00:07
  • 6.6k+

“Altyn topuň” sekiz gezek eýesi we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony Lionel Messi ýaşlar toparlary üçin täze ýaryşyň – Messiniň Kubogynyň döredilendigini habar berdi. Bu barada ol Instagram sahypasynda aýtdy.

Ýaryş 9-njy dekabrdan 14-nji dekabr aralygynda Maýamide (Florida ştaty, ABŞ) geçiriler. Messiniň aýtmagyna görä, eýýäm dürli ýurtlardan öňdebaryjy klublar ýaryşa gatnaşýandygyny tassyklady: Argentinadan “Riwer Pleýt” we “Nýuells Old Boýz”, amerikan “Inter Maýamisi”, ispan “Barselonasy” we “Atletikosy”, “Çelsi” we “Mançester Siti” iňlis klublary, şeýle-de “Inter” italýan kluby.
Messi 38 ýaşynda. Ol 2023-nji ýyldan bäri “Inter Maýamide” çykyş edýär. Karýerasynyň dowamynda Ispaniýanyň “Barselona” we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klublarynda oýnady, on gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, dört gezek Çempionlar ligasynda we üç gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Messi 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogyny, 2022-nji ýylda Finalissimany utdy, 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......