Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar

  • 10.10.2025 17:12
  • 5k+

36 ýaşly ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Bu barada “Inter Maýaminiň” goragçysy Instagram-da habar berdi.

“Minnetdar, futbol, hemme zat üçin köp minnetdar” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy we ýörite wideo bilen paýlaşdy.

Alba “Inter Maýamide” 2023-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Toparda ol “Barselonadaky” öňki ýoldaşlary – Lionel Messi, Serhio Buskets we Luis Suares bilen oýnaýar. Ozal 37 ýaşly Buskets hem möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.
ABŞ-a göçmezden ozal Alba on bir ýyl (2012-2023) “Barselonada” oýnady. Klub bilen alty gezek Ispaniýanyň çempionatyny, bäş gezek ýurduň Kubogyny, dört gezek Superkubogyny utdy, şeýle-de Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysynda Alba 93 oýna gatnaşyp, 2012-nji ýylda Ýewropa çempiony boldy, 2013-nji ýylda Konfederasiýa kubogynyň kümüş, Ýewro-2020-niň bürünç we 2023-nji ýylda Milletler ligasynyň altyn medalyny gazandy.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......