Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi

  • 27.08.2025 16:39
  • 9.2k+

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/26 möwsüminiň erkekler we zenanlar Çempionlar ligasy üçin täze resmi toplaryny hödürledi. Täze modeller ýaryşyň umumy tapgyrynda ulanylar.

Erkekler Çempionlar ligasy üçin top gök we altyn nagyşlar bilen bezeldi. Zenanlar Çempionlar ligasy üçin bolsa ýaşyl we çal reňkleriň utgaşmasy saýlandy.
Adidas iňlis sport brendi tarapyndan taýýarlanan toplar aýratyn dizaýny bilen tapawutlanýar.

UEFA-nyň berýän maglumatyna görä, erkekler üçin top gijeki asmandan ylham alnan bolup, ilkinji gezek 27-nji awgustda pleý-off tapgyrynda meýdanda peýda bolar.
Zenanlar üçin top bolsa uzakdaky kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alnandyr.
Her iki topuň dizaýnynda-da Çempionlar ligasynyň meşhur ýyldyzlary ýerleşdirilipdir. Olar Budapeşt we Oslo şäherlerine — 2026-njy ýylyň maýynda geçiriljek final oýunlaryna — ýol hökmünde kabul edilýär.


düýn 15:42
5.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......