Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy

  • 14.08.2025 12:16
  • 7.5k+

Çarşenbe gününe geçilýän gije 2025/2026 möwsümiň UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji saýlama tapgyrynyň soňky oýunlary geçirildi. Duşuşyklaryň netijesinde Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň pley-off jübütleri doly belli boldy.

Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyry:

  • «Ferenswaroş» (Wengriýa) — «Garabag» (Azerbaýjan)
  • «Srwena Zwezda» (Serbiýa) — «Pafos» (Kipr)
  • «Bude-Glimt» (Norwegiýa) — «Şturm» (Awstriýa)
  • «Seltik» (Şotlandiýa) — «Kaýrat» (Gazagystan)
  • «Bazel» (Şweýsariýa) — «Kopengagen» (Daniýa)
  • «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Benfika» (Portugaliýa)
  • «Reýnjers» (Şotlandiýa) — «Brýugge» (Belgiýa)

Oýunlar 19-20 we 26-27 awgustda geçiriler.
Ýatlap geçsek, Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparydyr. Geçen möwsümiň finalynda ol Italiýanyň «Inter» klubuny 5:0 hasabynda ýeňdi.


şu gün 10:24
349

«Arsenal» Bukaýo Saka bilen şertnamany 2031-nji ýyla çenli uzaltdy

Hüjümçi Bukaýo Saka «Arsenal» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär. Mundan ozal metbugatda täze şertnamanyň iňlis oýunçysynyň zähmet hakyny ep-esli ýokarlandyrjakdygy we wingeriň Ýewropanyň iň gowy oýunçylarynyň biri hökmünde statusyny tassyklaýandygy barada maglumatlar peýda boldy...

düýn 11:24
4.6k+

Çempionlar ligasy: «Budýo-Glimt» «Interi» utdy, «Nýukaslyň» hüjümçisi poker etdi

Penşenbä geçýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off (utulan çykdy) tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Nýukasl» Bakuda uly hasap bilen ýeňiş gazandy, «Baýer» we «Budýo-Glimt» iki gol aratapawudy bilen üstün çykdylar, «Brýugge» bilen «Atletikonyň» duşuşygy bolsa 6 golly oýunda deňme-deňlik bilen tamamlandy...

düýn 06:27
17k+

«Al-Nasr» «Arkadag» FK-ny ýeňip, AFK Çempionlar ligasy-2-niň çärýek finalyna çykdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy fewrala geçilen gije Er-Riýadda bolan bu oýun saud toparynyň çärýek finala çykmagyny üpjün etdi...

18.02.2026 13:12
10k+

Şu gün Er-Riýadda «Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygynyň jogap oýny bolar

Şu gün, 18-nji fewralda Er-Riýadyň «Mrsul Park» stadionynda AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň çempiony — «Arkadag» futbol klubuny kabul eder...