Magnus Karlsen küşt boýunça Kibersport dünýä kubogynda ýeňiş gazandy

  • 03.08.2025 23:42
  • 3.8k+

Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony Magnus Karlsen Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Kibersport dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) çägindäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Norwegiýaly dünýä çempiony bu ýaryşda Team Liquid toparynyň düzüminde çykyş etdi.

Finalda Karlsen Fransiýa wekilçilik edýän Alireza Firuzjany (Team Falcons) ýeňdi — dört partiýaly iki setiň ikisinde hem 3:1 hasaby bilen üstün çykdy.
Üçünji orun ugrunda amerikaly grossmeýster Hikaru Nakamura (Team Falcons) hindi küştçüsi Arjun Erigaýsini (Gen.G Esports) 5:3 we 5:2 hasaplary bilen ýeňlişe sezewar etdi.
Täsin ýeri, EWC ýaryşynda küşt kiber-sport görnüşi hökmünde geçirilýär — gatnaşyjylar tomaşaçylaryň öňünde bir zala ýerleşdirilen kompýuterleriň başynda oýnaýarlar.
Ýaryşyň jemi baýrak gaznasy 1,5 million amerikan dollary boldy.

  • Magnus Karlsen ýeňiji hökmünde $250 müň,
  • Alireza Firuzja — $190 müň,
  • Hikaru Nakamura — $145 müň,
  • Arjun Erigaýsi $115 müň baýrak aldy.
şu gün 15:56
1.3k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...

şu gün 11:43
3.8k+

ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi...

düýn 12:45
6k+

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...

düýn 11:32
6.9k+

ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy...