43 ýaşly şotlandiýaly aýal öz erkek bäsdeşinden 2 sagat öňe geçip, ultramarafonda ýeňiji boldy

  • 26.07.2025 12:23
  • 7.1k+

43 ýaşly şotlandiýaly aýal Anna Razerford 160 kilometrden gowrak aralygy 17 sagat 23 minutda ylgap geçip, Rat Race ultramarafonynda ýeňiji boldy. Edinburgh Live-iň habar bermegine görä, ol özüniň ýakyn erkek bäsdeşinden iki sagatdan gowrak öňe geçip, täze ýaryş rekordyny goýdy.

Piblsiň ýaşaýjysy Razerford – üç çaganyň ejesi we tejribeli aklawçy. Ol ylgaw ýaryşynda özüne aýdym-sazyň kömek edendigini belledi. Mysal üçin, ol Dolli Partonyň “9 to 5” aýdymyna hiňlendi.

“Men ýörite bu ýaryş üçin pleýlist düzdüm we onda dürli templi aýdymlary jemledim – bu, esasanam, çalt we şadyýan pop-klassyka” – diýip, aýal paýlaşdy.
Ýaryş wagty ol beýlekilere hem ýardam bermäge çalyşdy: golf meýdançasynda arkanlygyna ýatan erkek adamy görüp, onuň ýagdaýlaryny bilmek üçin saklandy. “Ol “ýyldyzlara seredýändigini” aýtdy, şonuň üçin men dowam etdirmeli boldum” – diýip, Anna gürrüň berdi.

Ýaryş ýoly Nortumberlenddäki Bamboro galasyndan Edinburg galasyna çenli dowam edip, Berikşir, Boders we Ist-Lotian arkaly Beýik Britaniýanyň gündogar kenaryny gurşap aldy. Ylgaw ýaryşyna 600 töweregi adam gatnaşdy.
Razerford öz göreldesiniň sportda aýallaryň çydamlylygy baradaky düşünjeleri üýtgetmäge kömek etjekdigine umyt bildirýär.
Türgenleşik wagty ol hepdede 193 km aralyga ylgady we hatda aşa ýadawlyk sebäpli hassahana hem ýüz tutmaly boldy.

düýn 21:03
1.4k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......