“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi

  • 11.06.2025 15:58
  • 7.3k+

Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi.

Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady.
Täze toplumda esasy ak reňk diagonal geçýän gara-gyzyl zolak bilen utgaşýar. Dizaýn akwarel reňkleri ulanýar we elde çekilen grafika bilen bezelen. Klub iki reňkli zolakly bu modeliň janköýerleriň arasynda häzir hem meşhur bolan “ManSitiniň” 1970-nji ýyllardaky nusgawy eşik toplumyna täzeçe garaýyşdygyny belleýär.

Şeýle-de, ýörite derwezeban üçin gara-sary zolaklar we gaýtalanýan grafiki nagyş bilen neon mämişi reňkli eşik çykaryldy.
Topar bu eşik toplumyny ilkinji gezek ABŞ-daky Klublaýyn dünýä çempionatynda ulanar. “Mançester Siti” G toparçasyna düşdi we bu ýerde 18-nji iýunda “Widad” (Marokko), 23-nji iýunda “Al-Aýn” (BAE), 26-njy iýunda bolsa “Ýuwentus” (Italiýa) bilen oýnar.
Eşik toplumynyň ýörite nusgasy we Puma x KidSuper kolleksiýasy satyn almak üçin klubuň resmi saýtynda we firma dükanlarynda elýeterlidir. Mançesterden başga-da, olar Londonda, Abu-Dabide we Dubaýda ýerleşýär.





şu gün 15:58
6.8k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......