Gawaidaky Kilauea wulkany atylyp başlady: ol 300 metr beýiklige lawa zyňýar

  • 28.05.2025 08:24
  • 9.4k+

Dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri bolan Gawaidäki Kilauea wulkany atylyp başlady. Bu barada ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň Gawaý wulkanologiýa obserwatoriýasy habar berýär.

Atylma 25-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:15-de başlady. Halemaumau krateriniň üstünde lawa çüwdürimleri ýokary galdy. Günortadaky agzyndan çykýan akymlar 70 metr, demirgazykdakydan çykýan akymlar bolsa 300 metr ýokary galdy. Häzirki wagtda işjeňlik diňe Kilaueanyň depesiniň kalderasy we Kaluapele krateriniň günorta-günbatar bölegi bilen çäklenýär.
Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, wulkan bir günde, takmynan, 50 müň tonna kükürt dioksidini atmosfera zyňýar. Bu gaz tüssä öwrülip, esasan-da ýeliň ugrundaky ýerlerde ýaşaýan ilatda dem alyş kynçylyklaryny döredip biler.
Lawa bilen bir hatarda wulkan başga zatlary hem zyňýar. Şol sanda Pele saçlary diýlip atlandyrylýan, wulkaniki aýnadan döreýän inçe süýümler hem bar. Olar derini we gözi gyjyndyryp bilýär. Bu bölejikler ýeliň kömegi bilen onlarça kilometr aralyga ýaýraýar we ýere düşende biri-birine dolaşýar. Ýaşaýjylara olar bilen göni aragatnaşykdan gaça durmak maslahat berilýär.
Atylma «Gawai wulkanlary» milli seýilgähiniň çäginde bolup geçýär. Bu seýilgäh 2007-nji ýyldan bäri ýapyk. Lawa häzirlikçe krateriň çäginden çykmady, emma Halemaumau etrabynda süýşme we ýarylma howpy bar. Şeýle-de ýer yranyp, krateriň diwarlarynyň ýykylmagyna sebäp bolup biler.
Kilauea wulkany deňiz derejesinden 1243 metr beýiklikde, Gawaý adalarynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Bu ada «Uly ada» diýlip hem atlandyrylýar. Wulkanyň ozalky atylmalary 2024-nji ýylyň iýun, sentýabr we dekabr aýlarynda bolupdy. 2018-nji ýylda atylmalar maýdan awgusta çenli dowam edip, 700-den gowrak jaýy ýumrupdy.


24.04.2026 18:54
9.8k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.9k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......

16.04.2026 14:05
8.8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......