“Galatasaraý” 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony boldy we bäşinji ýyldyzyny aldy

  • 19.05.2025 14:54
  • 5.9k+

Stambulyň “Galatasaraý” futbol kluby 25-nji gezek Türkiýäniň çempiony titulyny gazandy. Topar möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda birinji orny üpjün etdi.

Türkiýäniň Superligasynyň 36-njy tapgyrynda “ýolbarslar” öz meýdançasynda “Bellona Kaýserispory” 3:0 hasabynda utdy. Bu netije kluba ýakyn bäsdeşi “Fenerbahçeden” sekiz utuk öňe geçip, möhletinden ir çempionlygy gazanmaga mümkinçilik berdi.
Oýundan soň “Galatasaraýyň” futbolçylary stadionda simwoliki ýeňiş aýlawyny ýerine ýetirdi.
Toparyň baş tälimçisi Okan Buruk bolup, onuň ýolbaşçylygynda “Galatasaraý” yzygider üçünji gezek Superligany utdy.
Bu möwsümde ýeňiş klubuň taryhynda 25-nji boldy. Düzgüne görä, her bäşinji titul toparyň nyşanyna bir ýyldyz goşmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, “Galatasaraý” öz nyşanynda bäş ýyldyz götermäge hukuk gazanan Türkiýäniň ilkinji kluby boldy.
Çempionlygyň sany boýunça “Galatasaraý” türk klublarynyň arasynda öňdebaryjydyr. “Fenerbahçede” – 19 titul, “Beşiktaşda” – 16. “Trabzonspor” çempionaty 7 gezek, “Bursaspor” we “Istanbul Başakşehir” bir gezek utdy.
Bu möwsümde klub “altyn dubl” gazandy. Geçen hepde “Galatasaraý” Türkiýäniň Kubogyny gazandy, ol finalda “Trabzonspory” 3:0 hasabynda utdy.
2025-2026-njy ýyl möwsüminde “Galatasaraý” UEFA-nyň Çempionlar ligasynda gönüden-göni çykyş eder.


düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......