HT Spor: Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder. Deslapky ylalaşyk gazanyldy

  • 17.05.2025 00:24
  • 6.6k+

Tälimçi Žoze Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biler.

«HT Spor» neşiriniň habaryna görä, hünärmen Portugaliýanyň Futbol federasiýasy bilen deslapky ylalaşyga gelipdir. Iýun aýynyň başynda geçiriljek UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji duşuşyklaryndan soň, şertnama gol çekilmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ispaniýaly Roberto Martines ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar 28 duşuşygyň 21-sinde ýeňiş gazandy. Ýewro-2024-de bolsa, Portugaliýa çärýek finalda Fransiýa bilen geçirilen duşuşykda penaltide ýeňildi.
62 ýaşly Mourinýu häzirki wagtda Stambulyň «Fenerbahçesine» ýolbaşçylyk edýär. Bu topar Türkiýäniň çempionatynda häzirki wagtda «Galatasaraýdan» 8 utuk yzda galyp, ikinji ýerde barýar. Möwsüm ýene üç tapgyr soň tamamlanýar.
Portugaliýaly hünärmen ozal milli ýygyndylarda tälimçi bolup işlemändi. Ol ozal «Portu», «Çelsi», «Inter», «Real», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem» we «Roma» ýaly klublara ýolbaşçylyk edipdi. Tälimçi hökmünde ol iki gezek Çempionlar ligasyny we Ýewropa ligasyny gazanypdy.


düýn 15:58
9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......