Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?

  • 13.05.2025 11:28
  • 11k+

Tomus adamlaryň aglabasynyň dynç alşa çykýan, syýahata, uzak ýerlere saparlara gidýän döwri bolýar. Bu jogapkärçilikli döwürde awtoulagyňyzyň lapyňyzy keç etmezligi üçin öňünden yssy howa taýýarlanmak maslahat berilýär. Hökman sapar bilen gidilende däl, gündelik dolandyryşda hem yssy howada awtoulaga adatdakylardan aşa köp agram düşüp bilýär. Muny tejribeli sürüjilerdir ussalar gürrüňsiz tassyklasa gerek.
Hut şonuň üçin hem howanyň yssy günlerinde ýolda çynlakaý näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaz ýaly, nämelere aýratyn üns bermelidigi barada awtoulag hünärmenleriniň aýdanlaryny dykgatyňyza ýetirýäris:

  1. Awtoulagyň şassisini hapalardan arassalaň. Ýagyşly we garly günlerde awtoulagyň şassisinde duz, çäge ýa-da palçyk ýygnanýar. Metalyň poslamagynyň öňüni almak hem-de rezin we polimer örtükleriň berkligini barlamak üçin şassiniň ähli böleklerini gowy arassalaň. Kuzowyň drenaž deşiklerini arassalap, içinde suw galmandygyny anyklaň.
  2. Trubkalary we kemerleri gözden geçiriň. Tomusda motoryň temperaturasynyň aýratyn gözegçilikde saklanmagy örän möhümdir. Ilki bilen, motoryň sowadyş ulgamynyň sazlaşykly işlemeginde uly orun degişli bolan trubkalaryň we herekete getiriji kemerleriň ýagdaýyny barlaň. Eger olarda könelmegiň we hatardan çykmagyň alamatlary bar bolsa, motoryň näsaz işlemegine, hatda döwülmegine sebäp bolup biler. Şeýle ýagdaýda, trubkalary we herekete getiriji kemerleri çalyşmak maslahat berilýär.
  3. Tormoz ulgamynyň guratdygyna göz ýetiriň. Awtoulag sürüjisiniň berk gözegçilikde saklamaly ulgamlarynyň birem tormoz ulgamy bolup durýar. Şonuň üçinem tormoz kolodkalarynyň galyňlygyny we tormoz diskleriniň ýagdaýyny barlaň. Könelen kolodkalar diskleri bolmalysy ýaly gysmaýar, könelen diskler bolsa, kolodkalaryň çalt kütelmegine getirýär. Tormoz ulgamynda näsazlyk bar bolsa, ony derrew düzediň. Şeýle hem tormoz suwuklygynyň derejesini barlaň. Hapa ýa-da bulançak bolsa, ony çalyşmak maslahat berilýär.
  4. Akkumulýatory arassalaň we guratlygyny barlaň. Yssy howa akkumulýatora sowuk howadanam beter zyýan ýetirip bilýär. Ýokary temperatura akkumulýatoryň içindäki himiki reaksiýany çaltlaşdyrýar. Bu bolsa onuň göwrümini kiçeldýär we hyzmat ediş möhletini gysgaldýar.  Tomusdan öň akkumulýatory arassalamagy ýatdan çykarmaň. Eger akkumulýator zarýady gowy saklamaýan bolsa, onda täzesini oturdyň.
  5. Howa süzgüjini täzeläň. Awtoulagyň howa süzgüjiniň ýüzi gyşda duz ýa-da gaty bölejikler bilen, tomusda tozan bilen tutulyp bilýär. Süzgüçdäki hapalar motora howa geçirmeýär. Netijede, bolmalysyndan has köp ýangyç sarp edilýär. Yssy howada ýangyjyň artykmaç sarp edilmeginiň öňüni almak we motoryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek üçin köne howa süzgüjini täzeläň.
  6. Radiatory we sowadyjy suwuklygyň derejesini barlaň. Motoryň aşa gyzmagyna ýol berilse, onuň içindäki metal bölejikleriniň temperaturasy kritiki derejä ýeter. Bu bolsa, motoryň çalt dargamagyna sebäp bolar. Munuň öňüni almak üçin radiatorda jaýrygyň ýa-da posuň ýokdugyny anyklaň. Radiator bilen bilelikde awtoulagyň öň tarapynda oturdylan beýleki ulgamlaryň ýylylyk çalşyjylaryny hem arassalaň. Eger antifriziň derejesi bolmalysyndan pesde bolsa, onuň üstüni doldurmagy ýatdan çykarmaň.
  7. Kondisioneri freon bilen dolduryň. Salonyň sowadyş ulgamynyň işleýşini tomus paslyna geçilmänkä barlaň. Zerur bolsa, kondisioneri abatlaň we freon bilen dolduryň.

Yssy howada awtoulagyňyzy gowy ýagdaýda saklamak üçin diňe bir tomus paslyna taýýarlyk görmek ýeterlik däl. Tomus günlerinde awtoulagyňyzy aýawly ulanmak üçin, antifriziň derejesini yzygiderli barlap duruň. Ulagyňyzy uzak wagtlap Günüň aşagynda goýmaň. Başarsaňyz, durzuşa goýmak üçin kölegeli ýer gözläň. Kondisioneriň süzgüçlerini wagtly-wagtynda çalşyp duruň. Motora dogry gabat gelýän ýagy guýuň we onuň derejesini gözegçilikde saklaň.

düýn 14:34
1.9k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....