ClearSpace kompaniýasy kosmosy zibilden arassalamak tehnologiýasyny üstünlikli synady

  • 10.05.2025 19:26
  • 3k+

ClearSpace kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi tarapyndan amala aşyrylýan Active Debris Removal (ADR) maksatnamasynyň ikinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Missiýanyň bu bölegi Ýere golaý orbitada ýerleşýän hatardan çykan hemralary tutmak we aýyrmak üçun zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Bu tapgyryň üstünlikli tamamlanmagy kompaniýany kosmos zibili meselesini çözmäge ýakynlaşdyrýar.
Synaglaryň dowamynda ClearSpace mehaniki eli öz berkligini we raketany uçuranyňda ýüze çykýan kynçylyklara çydamlylygyny görkezdi. Şekilleri gaýtadan işlemek algoritmi hem üstünlikli synagdan geçip, ulgamyň kosmos zibilini tapyp, ony yzarlap biljekdigini görkezdi.
Mundan başga-da, kompaniýa hemranyň ýörite maketini ulanyp, nyşana ýakynlaşmak boýunça synaglary geçirdi. Amaly synaglardan başga-da, ClearSpace Beýik Britaniýanyň Kosmos agentligi üçin jikme-jik hasabaty taýýarlady, bu bolsa geljekki missiýalar üçin peýdaly bolar.

Häzirki wagtda Britaniýanyň Kosmos agentliginiň 2026-njy ýyla meýilleşdirilen pes orbitadan iki döwük hemrany aýyrmak şertnamasy üçin Astroscale ýapon kompaniýasynyň we Şweýsariýanyň ClearSpace kompaniýasynyň Britaniýadaky bölümçeleri bäsleşýär. Kompaniýalaryň ikisi-de kosmos zibilini aýyrmak we hemra hyzmaty ugrunda öz tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär.
Bu taslamada ClearSpace-iň hyzmatdaşlary bolup Portugaliýanyň Critical Software, Ispaniýanyň Indra-Deimos, Angliýanyň Plextek we Amerikanyň Spirit AeroSystems kompaniýalary çykyş edýär. ADR missiýasynyň ikinji tapgyrynda ClearSpace bilen hyzmatdaşlyk Indra-Deimos kompaniýasyna dolandyryş, nawigasiýa we ýakynlaşmaga gözegçilik algoritmlerini işläp taýýarlamagy, Plextek kompaniýasyna bolsa kosmosda ýakynlaşmak we birleşmek amallary üçin öz radaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmäge mümkinçilik berdi.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....