Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar

  • 25.04.2025 22:25
  • 5k+

Dewid Bekhem Beckham & Friends Live ady bilen öz şüweleň gepleşigini başladýar. Bu barada ol öz sosial ulgamlarynda habar berdi.

Onuň ilkinji sany maý aýynda çykar. 49 ýaşly öňki futbolçy alypbaryjy hökmünde çykyş eder. Gepleşige ýyldyz myhmanlaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Olar Bekhem bilen bilelikde futbol we beýleki ýörgünli temalar barada gürleşer. Gepleşikde Çempionlar ligasynyň oýunlaryna, şol sanda ýarym finallara we 31-nji maýda Germaniýada geçiriljek finala aýratyn üns berler.
Premýeranyň öňüsyrasynda Bekhem ýazgy ýerinden perde aňyrsyndaky kadrlary hödürledi. Şeýle-de, ol bezelen studiýany görkezdi.
2023-nji ýylda Netflix platformasynda Bekhem we onuň maşgalasy barada dokumental serial çykdy. Bu taslama internet torunda dürli çekişmelere getirdi. Bölümleriň biri has meşhur boldy: onda Wiktoriýa Bekhem işçi maşgalasynda önüp-ösendigini aýdýar. Ýöne adamsy gapydan kellesini çykaryp, ony dogrusyny aýtmaga we kakasynyň ony mekdebe Rolls-Royce-da äkidendigini boýun almaga yrýar. Diňe bir günüň içinde bu bölejik 5,3 milliondan gowrak tomaşa ýygnady. 


düýn 15:58
10k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......