Messi geljegi uly 10 futbolçyny atlandyryp, olara aýratyn butsylary sowgat etdi

  • 19.04.2025 20:14
  • 22k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar.  

“Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe. Oňa üns bermek gerek. Onuň bu ajaýyp oýunda gazanan üstünligine az sanly oýunçylar ýetip bilýär. Onuň topa erk etmek ussatlygy bilen deňleşip biljekleriň sany bolsa ondan hem az” – diýlip, neşiriň makalasynda aýdylýar.

Umuman, adidas 11 jübüt F50 butsysyny çykardy. Olaryň bir jübütini Messiniň özi geýer, beýlekileri bolsa ol ýaş zehinlere sowgat etdi.
Şeýle hormata mynasyp bolan oýunçylar şulardan ybarat:

  • ·Lamin Ýamal (17 ýaş), “Barselonanyň” ispan wingeri
  • ·Kenan Ýyldyz (19 ýaş), Turiniň “Ýuwentusynyň” türk hüjümçisi
  • ·Klaudio Eçewerri (19 ýaş), “Mançester Sitiniň” argentinaly ýarymgoragçysy
  • ·Kawan Salliwan (15 ýaş), “Filadelfiýa Ýunionyň” amerikan ýarymgoragçysy
  • ·Jeýden Şou (20 ýaş), ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysynyň futbolçysy
  • ·Antonio Nusu (20 ýaş), “RB Leýpsigiň” norwegiýaly ýarymgoragçysy
  • ·Joel Ndala (18 ýaş), “Nottingem Forestiň” iňlis hüjümçisi
  • ·Wiki Lopes (18 ýaş), “Barselonanyň” zenanlar toparynyň ispan futbolçysy
  • ·Assan Uedraogo (18 ýaş), “RB Leýpsigiň” germaniýaly ýarymgoragçysy
  • ·Eliss Ben-Segir (20 ýaş), “Monakonyň” marokkoly ýarymgoragçysy

Messi 37 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň tomsundan bäri amerikan “Inter Maýamisinde” çykyş edýär. Häzire çenli ol klub üçin ähli ýaryşlarda 49 oýna gatnaşyp, 42 gol geçirdi we 21 assist etdi.
Argentinalynyň amerikan kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Messiniň bazar bahasy 20 mln ýewro barabar.


şu gün 13:39
1.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......