“Real”, “Arsenal”, “Borussiýa” we “Aston Willa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 13.03.2025 12:00
  • 8.8k+

Madridiň “Realy” penalti tapgyrynda “Atletikony” utup, Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy. Şeýle-de, ýaryşyň indiki tapgyryna Dortmundyň “Borussiýasy”, Londonyň “Arsenaly” we Birmingemiň “Aston Willasy” çykdy.

Madrid garşylygynda jogap oýnunyň esasy wagty “Atletikonyň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly eýýäm 29-njy sekuntda Konor Gallaher geçirdi. Bu ÇL-de “Atletikonyň” taryhynda iň tiz goldur. 70-nji minutda “Realyň” wingeri Winisius Žunior penaltiden gol salyp bilmedi.
Ilkinji duşuşyk “Realyň” 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy, şonuň üçin oýun goşmaça wagtda dowam etdi, ýöne toparlar gol geçirip bilmedi. Oýundan soňky penalti tapgyrynda “Real” üstün çykdy – 4:2.

Günüň başga bir oýnunda “Borussiýa” myhmançylykda “Lilli” utdy (2:1). Fransuz topary 5-nji minutda Jonatan Dewidiň goly bilen öňe çykmagy başardy, ýöne “Borussiýa” duşuşygyň ikinji ýarymynda oýnuň ugruny üýtgetdi, Emre Jan (54-nji minut, penalti) we Maksimilian Baýer (65) topara iki gol getirdi. Birinji oýun deňme-deňlikde tamamlandy – 1:1.

Birinji oýunda “PSW-ni” 1:7 hasabynda utan “Arsenal” jogap oýnuna has rahat çemeleşdi we deňme-deňlik gazandy – 2:2. London toparynyň düzüminde Aleksandr Zinçenko (6) we Deklan Raýs (37) tapawutlandy. Niderlandlaryň kluby üçin Iwan Perişiç (18) we Kouhaib Drioş (70) gol saldy.

Ýene bir iňlis topary – “Aston Willa” Belgiýanyň “Brýugge” toparyny üç jogapsyz gol bilen utdy. Duşuşygyň 17-nji minutynda “Brýugge” azlykda galdy – goragçy Kiriani Sabbe gyzyl duýduryş aldy. birmingemliler ikinji ýarymda Ýan Matseniň (57) we Marko Asensionyň iki goly (50, 61) bilen artykmaçlyga eýe boldy.

Birinji oýunda-da “Aston Willa” üç gol salypdy – 3:1. Şeýlelikde, “Aston Willa” 1982/83 möwsüminden bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynda oýnar.
Öň geçirilen bije çekişigiň netijesi boýunça çärýek finalyň garşydaşlary şeýle görnüşde:

  • ·“Arsenal” (Angliýa) – “Real” (Ispaniýa);
  • ·“Pari Sen-Žermen” (Fransiýa) – “Aston Willa” (Angliýa);
  • ·“Barselona” (Ispaniýa) – Dortmundyň “Borussiýasy” (Germaniýa);
  • ·“Bawariýa” (Germaniýa) – “Inter” (Italiýa).

Çärýek finalyň ilkinji oýunlary 8-nji we 9-njy aprelde, jogap oýunlary 15-nji we 16-njy aprelde geçiriler.


düýn 14:15
9.8k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......