Çempionlar ligasy: “Arsenal” “PSW-e” 7 gol geçirdi, “Real” “Atletikony” utdy...

  • 05.03.2025 15:55
  • 8.2k+

Londonyň “Arsenaly” Çempionlar ligasynyň myhmançylykdaky oýnunda ýedi gol geçiren Angliýanyň premýer-ligasynyň ilkinji kluby boldy. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýnunda topar “PSW Eýndhoweni” 7:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. Esasy Ýewropa ýaryşynda myhmançylykda şeýle köp goly iňlis klublarynyň hiç biri geçirmändi diýip, Squawka belleýär.

“Arsenal” üçin Martin Edegor iki gol geçirdi, Ýurrien Timberiň, Itan Nwaneriniň, Mikel Merinonyň, Leandro Trossaryň we Rikkardo Kalafýoriniň her biriniň hasabynda bir gol bar. “PSW-de” Noa Lang penaltiden tapawutlandy.
Agşamyň esasy oýnunda Madrid garşydaşlygynda “Real” sähel tapawut bilen “Atletikony” utdy – 2:1. Hasaby 4-nji minutda Rodrigo açdy. 32-nji minutda Hulian Alwares hasaby deňledi, ýöne 55-nji minutda Braim Dias “Realyň” ýeňiş goluny geçirdi.
Angliýanyň ýene bir wekili “Aston Willa” myhmançylykda Belgiýanyň “Brýuggesini” 3:1 hasabynda utdy. Topara ýeňşi Leon Beýliniň, Marko Asensionyň gollary we Brandon Meheleniň awtogoly getirdi. Utulan topardan Maksim De Keýper tapawutlandy.
Beýleki bir oýunda Dortmundyň “Borussiýasy” öýünde “Lill” bilen deňme-deň oýnady – 1:1. Karim Adeýeminiň goluna myhmanlar Haakon-Arnar Haraldssonyň takyk urgusy bilen jogap berdi.
Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 12-nji martda geçiriler. 


şu gün 13:03
9.8k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.9k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....