Ferrari stilindäki seýrek öý trenažýor toplumy satuwa çykaryldy

  • 31.01.2025 11:59
  • 5.4k+

Kaliforniýada Ferrari stilinde ýasalan seýrek trenažýor toplumy satuwa çykaryldy. The Drive neşiriniň habaryna görä, bu enjam aslynda 2007-nji ýylda italýan Technogym kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylypdyr.

Başda bu trenažýoryň bahasy 17 müň dollardan geçýärdi. Häzir bolsa ony 16 müň 999 dollara satmak isleýärler. Ferrari nyşanlary bolmadyk şuňa meňzeş enjamlary bolsa has arzan bahadan satyn alyp bolýar.
Trenažýoryň dizaýny Maranellodaky superkarlaryň stillerine meňzedilipdir. Metal bölekleri Ferrari üçin mahsus bolan gyzyl reňke boýalyp, käbirleri bolsa hrom bilen örtülipdir. Ýumşak ýerleri bolsa krem reňkli deri bilen örtülipdir. Onuň käbir jikme-jikleri hem awtoulaglardan ylham alypdyr, meselem, ýükleme güýjüni sazlaýan tutawaç mehaniki karobkanyň geçiriji tigrine meňzedilipdir.
Bu trenažýor toplumy 2000-nji ýyllarda örän tehnologik hasap edilýärdi. Ol açar-karta bilen enjamlaşdyrylyp, ulanyjynyň türgenleşik maglumatlaryny saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem enjamyň içine ornaşdyrylan kompýuter bar, ol türgenleşik maglumatlaryny seljerip, kişiniň aýratyn aýratynlyklaryna görä şahsy türgenleşik meýilnamalaryny hödürleýär.


22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......