«Mançester Siti» Holand bilen 10 ýyllyk täze şertnama gol çekdi

  • 18.01.2025 01:01
  • 8.1k+

Norwegiýaly hüjümçi Erling Holand “Mançester Siti” bilen şertnama baglaşdy. Iňlis kluby bu şertnamanyň 2034-nji ýyla çenli dowam etjekdigini habar berdi.

24 ýaşly hüjümçiniň öňki şertnamasy 2027-nji ýylda gutarmalydy.
Ylalaşygyň şertleri aýan edilmedigem bolsa, The Athletic-iň žurnalisti Dewid Ornsteýn onuň sportuň taryhynda iň uly şertnamalaryň biridigini habar berdi.
Ylalaşykda öwezini doluş puly baradaky maddanyň ýokdugy bellenildi. Şeýle hem bu dünýä futbolynyň taryhynda iň uzak möhlete baglaşylan bäşinji şertnamadyr. Uzak möhletli şertnamalara diňe dört oýunçy gol çekipdi.
Norwegiýaly futbolçy 2022-nji ýylyň tomsundan bäri “Mançester Siti” üçin oýnaýar. Ol 60 million ýewro Dortmundyň “Borussiýasyndan” geçipdi.
Norwegiýaly oýunçy “Mançester Siti” topary üçin ähli ýaryşlarda 126 oýun oýnady, 111 pökgi geçirdi we 15 gezek netijeli pas berdi. Ol Pep Gwardiola bilen bilelikde APL-yň iki titulyny, Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Dünýäniň klublar çempionatyny utdy.

Holand şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda “Mançester Siti” üçin 28 gezek çykyş edip, 21 pökgi geçirdi we bir gezek netijeli pas berdi.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......