2025-nji ýylda Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 19 sany modelini ulanýanlar ýakymsyz habar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Olaryň enjamlary indi programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini almaz. Bu gajetleriň täze funksiýalary alyp bilmejekdigini, howpsuzlygynyň gowulandyrylmajakdygyny we howplaryň öňünde ejiz bolup biljekdigini aňladýar.
Kompaniýa EOL-yň (End of Life - goldawy bes edilen enjamlar) sanawyny täzeledi. 2025-nji ýylda bir wagtlar flagman setiri bolan Xiaomi 11T (Xiaomi 11T-iň özi, şeýle hem Xiaomi 11T Pro) we Mi 11 (Mi 11, Mi 11 Pro we Mi 11 Ultra), şeýle hem Xiaomi 11 Lite 5G NE modelleri bilen sanawyň üsti ýetirildi. Olaryň hemmesi 2025-nji ýylda iň soňky täzelenmäni - Android 14 esasly HyperOS 2-i alarlar.
Emma HyperOS 2-ni has köp model almaz. Bu enjamlara aşakdakylary girýär:
- Redmi Note 11 SE;
- Poco M4 5G;
- Redmi 10 5G;
- Redmi 11 Prime 5G;
- Redmi 10C;
- Redmi Pad;
- Redmi Note 11S;
- Redmi Note 11;
- Redmi Note 11S 5G;
- Redmi Note 11 Pro + 5G;
- Redmi Note 11 Pro 5G;
- Poco M4 Pro;
- Poco X4 Pro 5G.
Bu enjamlar 2025-nji ýylda entek täze programma üpjünçiligini alarlar, ýöne olar üçin düýpli (HyperOS 2 ýaly) täzelenmeler bolmaz.