Kriştianu Ronaldu Globe Soccer Awards-da ähli döwrüň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi

  • 28.12.2024 20:56
  • 15k+

Saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Globe Soccer Awards dabarasynda birbada iki baýraga mynasyp boldy.

Futbolçy ähli döwrüň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi. Karýerasynyň dowamynda 39 ýaşly portugaliýaly resmi oýunlarda 916 gol geçirdi.
Ikinji baýragy Ronaldu Ýakyn Gündogarda 2024-nji ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde aldy. Ol bu baýragy yzygider ikinji ýyl alýar. Bu nominasiýada futbolçy Riýad Marez (“Al-Ahli”), Sergeý Milinkowiç-Sawiç (“Al-Hilýal”), Salem Al-Dawsari (“Al-Hilýal”) we Sufýan Rahimi (“Al-Aýn”) ýaly bäsdeşlerden üstün çykdy.
Globe Soccer Awards baýragy her ýyl futbol dünýäsinde gazanylan ajaýyp üstünlikleri ykrar edýär. Laureatlar ses bermek ýoly bilen kesgitlenýär.
Dabarada 2024-nji ýylyň iň gowy oýunçysy Winisius Žunior, tälimçisi Karlo Ançelotti (ikisi-de Madridiň “Realy”) boldy. Geçen ýyl şeýle baýraklary Erling Holand we Hosep Gwardiola (ikisi-de “Mançester Siti”) aldy.


şu gün 15:58
543

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
1.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......