Ýabany tebigatyň fotosuratçylarynyň halkara jemgyýetiniň (Society of the International Nature and Wildlife Photographers, SINWP) "Guş fotosuratçysy 2024" bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Birinji orny zemzene hüjüm edýän totyguşuň suraty aldy. Bu surat Hindistanyň Rajistan ştatynda alyndy. Fotosuratçy Hira Panjabi bu pursaty 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Bharatpurdaky Keoladeo milli seýilgähinde surata düşürdi.
“Guşlaryň olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenýän ýylanlara we zemzenlere hüjüm edişini synladym. Men bu ýerlere soňky 30 ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan gelýän. Bir gün uzyn guýrukly totyguş jübüti we 10-12 sany beýleki guşlar bilelikde zemzene hüjüm edip başladylar. Bu ýagdaý bir sagada golaý dowam etdi"-diýip, ol aýtdy.
Ikinji orny şotlandiýaly käkiligiň suraty eýeledi. Tomas Makdonnell.
Üçünji orunda Finlýandiýada surata düşürilen uly çal baýguş durýar. Meggi Bullok.
Bäsleşigiň finalçylary:
Uçuşdaky "Gypaetus barbatus" /© Arne Biwrin
"Işli" alatogan /© Janpýero Ferrari
Suwuň üstüne abanýan Tukan /© Hira Panjabi
“Golliwud partlamasy” /© Luiza Linç
Bu bäsleşik guşlary we beýleki ýabany haýwanlary gorap saklamaga ýöriteleşen iňlis haýyr-sahawat guramasy bolan Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetine (RSPB) serişdeleri toplamak üçin geçirilýär.