«Real» «Paçuka» klubuny utup, Yklymara kubok-2024-üň eýesi boldy

  • 19.12.2024 15:17
  • 9.1k+

Ispaniýanyň “Real” kluby ýene-de bir möhüm kubogyň eýesi boldy. Kataryň paýtagty Dohada "Lusiala" stadionynda Yklymara kubogyň final duşuşygy geçirildi. Onda Madridiň “Realy” Meksikanyň “Paçuka” kluby bilen duşuşdy.

Duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Real” kuboklarynyň üstüni ýene-de bir kubok bilen doldurdy. Final oýnunda ispan toparynyň düzüminde Kilian Mbappe, Rodrigo we Winisius tapawutlandy.
“Real” topary Yklymara kubogynyň finalyna Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşdy. “Paçuka” topary bolsa 2024-nji ýylda Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karib basseýni Futbol konfederasiýasynyň ýeňijisini hökmünde gatnaşmak hukugyna eýe boldy.
Yklymara kubogy 2004-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýaryşa 7 topar gatnaşdy. “Real” topary Yklymara kubogyny iň köp gazanan topardyr. 4 gezek bu kubogy gazanan “Real” topary klublaryň dünýä çempiony boldy.
2025-nji ýylda klublaryň dünýä çempionaty geçirilip, oňa 32 topar gatnaşdyrylar. Ýaryş 2025-nji ýylyň 15-nji iýuny-13-nji iýuly aralygynda geçiriler. Onuň pul baýragy 2,5 milliard dollara deň bolar.


düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......