Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2025-nji ýylda Hindistanda ýoldaşlyk oýnuny geçirer

  • 22.11.2024 15:54
  • 10k+

Hindistanyň günorta ştaty Kerala 2025-nji ýylda Argentinanyň milli toparynyň gatnaşmagy bilen geçiriljek halkara futbol oýnuny kabul eder. Bu barada ştatyň sport ministri Wi Abdurahiman habar berdi.

Ol Argentinanyň milli ýygyndysynyň geljek senesini aýtmady, ýöne oýny guramak üçin çykdajylary ýerli telekeçiligiň öz üstüne aljakdygyny habar berdi. “Bu dabaraly futbol wakasyny gurnamak üçin ähli maliýe kömegi ştatyň söwda toparlary tarapyndan üpjün ediler” – diýip, Abdurahiman belledi.
Keralanyň baş ministri Pinaraýi Wijaýan Argentinanyň milli ýygyndysynyň geljek ýyl ştata gelmeginiň mümkindigini tassyklady. “Kerala taryha girmekçi, sebäbi geljek ýyl bu ýere futbol boýunça dünýä çempionlarynyň – Argentinanyň gelmegine garaşylýar. Bu arzuw ştatyň hökümetiniň tagallalary we Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň goldawy bilen hakykara öwrülýär” – diýip, ol X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Ol ştatyň ýaşaýjylaryny belli futbolçylar bilen duşuşyga taýýarlanmaga çagyrdy.
Argentinanyň milli ýygyndysy üç gezek dünýä çempionydyr, soňky gezek ol 2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. Milli ýygyndynyň kapitany Lionel Messi bolsa “Altyn top” baýragynyň sekiz gezek eýesidir.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......