Özboluşly öndürilen “Mersedes-Benz” Dubaýda satuwa çykarylýar, ol indiwidual sargyt esasynda döredildi. Alyjy awtoulag bilen birlikde adaty bolmadyk aksessuary - awtoulagyň süňňünde ýerleşdirilen pul üçin niýetlenen çemodany satyn alar diýip, auto.ru habar berýär.
Ýöriteleşdirilen “Mersedes-Benz” 2000-nji ýyllaryň başyndaky SLK 55 AMG kysymyna esaslanýar. Ol Auto Deals dilerler söwda merkezinde satuwa çykaryldy. Awtoulag Los Anjelesdäki S-Klub studiýasyndan bolan Jon Sarkisýan tarapyndan täzeden gurnaldy. Ol 1957-nji ýyldaky meşhur Mersedes-Benz 300SL esasynda bezelipdir, ýöne birnäçe tapawudy bar. Bu model has uzyn, aşagy pes we içi has giňdir, şeýle-de ulagyň ganaty, täsirli tigir arka uzatmalary we bagaž gapagyndaky köp uglerod bezegi bar.
Aç-açan görünýän çemodan awtoulagyň goş bölüminde, ýagny bagažynda ýerleşýär. Onuň suratlarynda banknotlar şekillendirilýär.
Awtoulagyň içinde donor modeliniň elementleri saklanýar, ýöne içerki görnüşi täzeden işlenip, häzirki zaman media ulgamy bilen üsti ýetirildi. Awtoulag AMG-den 354 at güýjüne eýe bolan 5,4 litrlik V8 hereketdiriji bilen işleýär. Donor awtoulagynyň geçip bilýän aralygy, takmynan, 74 müň kilometre barabardyr, ýöne gurluşyk gutarandan soň, näçe wagt sürülendigi entek belli däl.
Sport awtoulagynyň bahasy 3,9 million dirhem, bu bolsa million dollardan gowrak bolýar.