Täzelenen Ford Ekwator peýda boldy. Indi ol 1300 km-den gowrak ýöreýiş ätiýaçlygy bolan gibrid görnüşinde.

  • 12.11.2024 00:23
  • 7.9k+

Ford-Jiangling bilelikdäki kompaniýasy Hytaýda Ford Equator krossoweriniň täzelenen gibrid görnüşini çykardy. Täze ulag artan ýöreýiş ätiýaçlygy we täze transmissiýasy bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň doly premýerasy Guançžou awtoulag sergisinde bolar diýip, Autohome ýazýar.

Ford Ekwator 150 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we iki basgançakly DHT geçiriş gutusy arkaly birikdirilen 218 at güýjüni öndürýän elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Güýç gurluşy 18,4 kWts sygymly CATL batareýasyny öz içine alýar, bu krossowere arassa elektrik energiýasy bilen 110 km aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Doly zarýad berlen we ýangyç guýlan Equator-yň umumy ýöreýiş ätiýaçlygy 1 205 km, biraz ýeňil Equator Sport modeliniňki bolsa 1324 km-e çenlidir.
Interýerinde 12,3 dýuýmlyk iki ekran, Snapdragon 8155 esasly multimediýa ulgamy, ses dolandyryşy we HUD ekrany bar.
Täzelenen Ford Equator-yň öň tarapynda iki gatly optikanyň ýerine monoblok faralar we insizräk yzky penjireler bar. Şeýle hem, täze bamperiň we radiator paneliniň bardygyny bellemelidiris.
Bahasy entek aýdylmady, ýöne bahasy 32 000 dollardan başlaýan gibridiň benzin bilen işleýän görnüşden gymmat bolmagyna garaşylýar.


09.05.2026 09:12
2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.2k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......