Lionel Messi futbol taryhynda gazananlary üçin “Marca” neşirinden ýörite baýrak aldy

  • 19.10.2024 10:22
  • 8.7k+

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy hökmünde “Marca” neşirinden baýrak aldy.

Penşenbe güni, 17-nji oktýabrda neşir 37 ýaşly oýunça onuň futbol meýdançasyndaky üstünliklerini belläp, ýörite baýrak gowşurdy. Dabara Fort-Loderdeýlde “Inter Maýaminiň” öý stadionynda geçirildi. Messi baýragy neşiriň müdiri Huan Ignasio Galýardonyň we amerikan klubunyň egindeş eýesi Horhe Masanyň elinden aldy.
Umuman alanyňda, Messi karýerasynda 46 topar baýragyny we 56 şahsy baýragy gazandy. Onuň hasabynda Olimpiýa altyn medaly, sekiz “Altyn top”, dünýä çempiony tituly, Çempionlar ligasynda dört ýeňiş bar.
Häzirki möwsümde Leo “Inter Maýami” üçin 18 oýna gatnaşyp, 17 takyk urgy we 10 assist bilen tapawutlandy.
Belläp geçsek, Messiniň “Inter Maýami” bilen häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň dekabr aýyna çenli hereket edýär.


şu gün 15:58
4.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......