Messi maşgala mazmunynyň önümçiligi boýunça prodakşen-kompaniýany döretdi

  • 22.09.2024 22:44
  • 11k+

“Inter Maýami” amerikan klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi 525 Rosario hususy prodakşen-kompaniýasyny işe girizdi. Bu barada ESPN habar berýär.

Messiniň dogduk şäheriniň hormatyna atlandyrylan kompaniýa telewideniýe üçin maşgala mazmunyny, şol sanda filmleri, sport programmalaryny we dünýäniň dürli künjeginden türgenler üçin brend mahabatlaryny öndürmek bilen meşgullanar.
Messi kompaniýany Dewid Bekheme degişli bolan “Inter Maýami” futbol kluby we Apple TV+ üçin Messi baradaky seriallar bilen belli bolan Smuggler Entertainment kinokompaniýasy bilen bilelikde esaslandyrdy.
Özüniň beýanynda Messi güýmenjeleriň hemişe özi üçin höwes bolandygyny we täze kompaniýa bilen işleşmäge “hakykatdanam hyjuwlydygyny” belledi. “Biziň maksadymyz bütin dünýädäki adamlary ruhlandyrmak we olar bilen täzeçe aragatnaşyk gurmakdyr” – diýip, futbolçy aýtdy.
525 Rosario “Messiniň kökleriniň esasy nyşanlaryny we maşgala gymmatlyklaryny” şöhlelendirýär diýlip, habarda aýdylýar.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......