Russiýanyň uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildii

  • düýn 23:27
  • 3k+
Russiýanyň uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar üçin Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildii

U.D.Aliýew adyndaky Karaçaýewo-Çerkesskiniň Döwlet uniwersitetinde daşary ýurtly talyplar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy adyndaky talyp haklary girizildi. Bu barada uniwersitetiň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Tausoltan Uzdenowyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Biziň ýokary okuw mekdebimizde köpsanly türkmenistanly talyplar okaýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylynda biz daşary ýurtly talyplar üçin beýik şahyryň adyny göterýän talyp haklaryny girizdik” – diýip, T.Uzdenow agentlige habar berdi.

Uzdenow 10 müň rubl möçberindäki her aý boýunça tölenilýän talyp hakynyň okuwynda gowy ýetişýän hem-de jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan iň ökde daşary ýurtly talyplara beriljekdigi barada belledi. Ilkinji serişdeler tebigy geografiýa fakultetiniň magistri Altyn Bekmyradowa we filologiýa institutynyň aspiranty Ogulnar Töräýewa gowşuryldy.


05.09.2024 15:46
5.1k+

Aşgabatda bilim ministriniň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada...

04.09.2024 20:46
6k+

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirilýär

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşik geçirýär. Bu barada bäsleşigiň...

02.09.2024 11:08
9.3k+

Türkmenistanda okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýän «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

Türkmenistanda orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady. Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna...

02.09.2024 10:44
8.6k+

Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açyldy

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. Bu merkez BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde...