Hytaý Aýdan tebigy çeşmeleri getirmek üçin magnit katapultyny döretmegi teklip edýär

  • 31.08.2024 06:58
  • 5.9k+

Hytaýly alymlar Aýdan Ýere tebigy çeşmeleri getirmek üçin magnit katapulty düşünjesini teklip etdiler. Robert A. Haýnnlaýnyň “Aý – yzgytsyz bike” (The Moon Is a Harsh Mistress) atly ylmy romanyndan ylham alan bu ulgam Aýdan alynjak geljekki termoýadro reaktorlary üçin gymmatly çeşme bolan geliý-3 ýaly Aýdan alynjak materiallary Ýere netijeli aşyrmaga mümkinçilik berer diýip, Phys.org ýazýar.

Şanhaýyň Hemra inženerçiligi institutynyň (SAST) alymlary tarapyndan işlenip düzülen bu taslama magnit lewitasiýasy tehnologiýasyny ulanmagy öz içine alýar. Ýekedaban zyňmak ýörelgesi boýunça işleýän katapult ýüki Aý orbitasyna girer tizlige çenli çaltlaşdyrar we soňra Ýere iberer. Aýda dartyş güýjüniň pesdigi we wakuum sebäpli ulgam ýokary netijelilik bilen işläp biler.

“Ulgamyň tehniki taýýarlygy degişlilikde ýokary. Gurluşyň diňe elektrik energiýasyny sarp edýändigi we ýangyç talap etmeýändigi sebäpli, göwrümi gaty kiçi we durmuşa geçirmek ýönekeý bolar. Esasy maksat - Ýerdäki energiýa krizisini çözmek üçin geliý-3-i çykaryp almak we getirmek. Şeýle hem taslama kosmosda magdan gazyp almak, agyr raketa göterijiler we emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegine goşant goşar "-diýip, barlagçylar öz işlerinde aýdýarlar.

Katapult Hytaýyň Halkara Aý barlag stansiýasyny (ILRS) döretmek boýunça  programmasynyň esasy elementine öwrülip biler. Şeýle-de bolsa, bu ulgamyň gurluşygy, Hytaý ILRS-iň döredilmegi üçin zerur bolan ýokary agyrlykdaky  Long March 9 (CZ-9) we Long March 10 (CZ-10)  raketa göterijilierini ösdürmegi tamamlaýança, gijikdirilmeli bolar.
Alymlar 2030-njy ýyla çenli ulgamyň esasy böleklerini işläp taýýarlamagy we 2045-nji ýyla çenli taslamanyň doly göwrümde durmuşa geçirilmegini meýilleşdirýärler. Katapultyň gurluşygynyň bahasy 18,25 milliard dollar bolar, ýöne geliý-3 gazyp almak ýylda 100 milliard dollar girdeji getirer diýlip çaklanylýar.
Taslama hyjuwly bolsa-da, alymlaryň öňünde Aýyň topragyndan geliý-3-i çykarmak tehnologiýasyny ösdürmek, Aýyň bitekiz üstünde ulgamy gurmak we ýokary tizlikde aýlanýan ryçagyň durnuklylygyny üpjün etmek ýaly, çynlakaý wezipeler durýar.


şu gün 17:37
773

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......