Ronaldu Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy bombardir hökmünde baýrak alar

  • 28.08.2024 17:42
  • 12k+

“Al-Nasr” saud futbol klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy bombardir hökmünde ýörite baýrak bilen sylaglanar. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda habar berdi.

Karýerasynyň dowamynda Ronaldu “Sportingde”, “Mançester Ýunaýtedde”, “Realda” we “Ýuwentusda” çykyş edip, Çempionlar ligasynyň 183 oýnunda 140 gol geçirdi.

“Kriştianu Ronaldu – Çempionlar ligasynyň ýyldyzlar toplumynda iň parlak ýyldyzlaryň biri. Onuň ýaryşda gazanan ajaýyp bombardir üstünliklerine wagt synagyndan geçip, geljekki nesiller üçin kyn synaga öwrülmek, megerem, bolmaly zatdyr” – diýip, UEFA-nyň metbugat gullugy guramanyň prezidenti Aleksander Çeferiniň sözlerini getirýär.

Geçen möwsümde Ronaldu “Al-Nasr” üçin 45 oýna gatnaşyp, 44 gol we 13 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Futbolçynyň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 15 mln ýewro.


şu gün 14:25
8.4k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
1.2k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....