Ýannik Sinner möwsümde “Masters” ýaryşlarynyň ilkinji iki gezek çempiony boldy

  • 20.08.2024 23:53
  • 1.7k+

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Sinsinnatide geçirilen “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanyp, möwsümde bu derejedäki ýaryşlaryň ilkinji iki gezek çempiony boldy. Ol finalda amerikaly Frensis Tiafony 7:6 (7:4), 6:2 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 38 minut dowam etdi.

Sinsinnatidäki ýeňiş Sinner üçin möwsümde bäşinji titul boldy. Mundan öň, ol Maýamidäki, Rotterdamdaky, Galledäki ýaryşlarda we Australian Open-de titula eýe boldy. Mundan başga-da, Sinner soňky 16 ýylda Sinsinnatide iň ýaş çempion boldy.
Finaldaky ýeňşi üçin Sinner 1000 reýting utugyny we $1 mln alar. Tiafo 650 utuk we $573 müň gazandy.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....